Täzelenen Mazda CX-4 Hytaýda satuwy boýunça rekord goýýar

  • 11.02.2020 22:04
  • 2k+

Täzelenen Mazda CX-4 kross-kupesiniň satuwy 2019-njy ýylyň noýabrynda başlandy. Güýzüň soňky aýy boýunça dilerlere şeýle awtolaryň 5 müňüsini taýýar etmek başartdy, dekabrda müşderilere täze awtonyň 5 694 ekzemplýary satyldy, 2020-nji ýylyň ýanwarynda 7 539 sanysy satylmak bilen rekord goýuldy. NJCAR.RU portalynyň maglumatlary boýunça, kupe görnüşli Mazda CX-4 geçen ýyl boýunça klassyky Mazda CX-5-den tas iki esse öňe geçip, markanyň iň meşhur awtosy boldy, umumy hasapda bu awto ozalky öňdebaryjylar bolan Hyundai Tucson we Skoda Kodiaq awtolaryndan öňe geçmek başartdy.
Ýatladyp geçsek, Mazda CX-4 kupe-krossoweri gaýtadan işlenilen bampere, yşyk diodyndaky üýtgedilen baş optikasyna eýe boldy.
“Oturylýan ýerleriň, öňki paneliň we gapy kartlarynyň bezegi üçin indi has ýokary hilli materiallar peýdalanylýar, salonda uly sensor ekranly informasion-güýmenje sistemasy we klimatik sistemany dolandyrmak üçin kämilleşdirilen blok oturdyldy” – diýip, “Новые автомобили” neşiri habar berýär.
Kross-kupeniň motor gammasy üýtgedilmedi. Mazda CX-4 kapotynyň aşagynda kuwwatlylygy 158 a.g bolan 2,0 litrli we 192 a.g kuwwatlykly 2,5 litrli Skyactiv-G güýçli enjamlary oturdylýar. Herekete getirijiler 6-basgançakly mehaniki ýa-da awtomatik transmissiýasy bilen utgaşýar. Herekete getiriji ýa öňdäki, ýa-da doly.
Bu awto töwerekleýin görnüş kamerasyny, saklanmadan soň awtomatik herekete getiriji funksiýaly adaptiw kruiz-gözegçiligini we awtomatik ýagdaýda gyssagly tormoz bermäniň gutarnykly işlenen sistemasyny öz içine alýan baý üpjünçiligi bilen tapawutlanýar.
Häzirlikçe kupe görnüşli krossower diňe hytaý bazarynda elýeterli.

düýn 11:31
1.8k+

Mazda awtoulaglary diňe uglerod bitarap däl, eýsem uglerod otrisatel hem etmegi meýilleşdirýär

Ýaponiýanyň Mazda kompaniýasy diňe zyňyndylary nol derejä getirmek bilen çäklenmän, awtoulaglary uglerod otrisatel etmegiň üstünde hem işlejekdigini mälim etdi. The Drive neşiriniň ýazmagyna görä, konsepsiýa bioýangyç bilen işleýän we CO₂-ni siňdirýän ýörite ulgam bilen enjamlaşdyrylan ulagyň çykaryşyndan has köp kömürturşy gazyny özüne siňdirip biljekdigine esaslanýar...

düýn 11:23
2.7k+

Mercedes-Benz benzinli hereketlendirijili CLA-nyň peýda bolandygyny mälim etdi

Mercedes-Benz CLA-nyň üçünji nesli şu ýyl ýazda elektrik ulag hökmünde tanyşdyrylyp, Hytaý bazary üçin uzaldylan ýygnama bilen çykypdy. Indi bolsa modeliň benzin bilen işleýän — has takygy, gibrid görnüşi hem elýeterli boldy...

düýn 10:29
2.3k+

McLaren F1-i döredeniň superkary entek ýygnalmanka 20 million dollara satylýar

RM Sotheby’s auksion öýi noýabr aýynda Las-Wegasda geçiriljek "Formula-1" Gran-prisinde guraljak adaty bolmadyk söwdany yglan etdi. Auksiona meşhur McLaren F1-iň döredijisi tarapyndan esaslandyrylan Gordon Murray Special Vehicles toparynyň superkary - GMSV S1 LM çykarylýar...

düýn 10:15
5k+

Toyota sürüjilere ulaglarynyň maglumatlary esasynda pul gazanmak mümkinçiligini hödürleýär

Toyota kompaniýasy awtoulag eýelerine ulaglarynyň toplan maglumatlaryny paýlaşan ýagdaýynda sylag almaga mümkinçilik berýän ulgamy döretdi. Patente görä, awtoulag maglumatlaryny kompaniýa geçirýär, şol ýerde-de ol seljerilýär we howpsuzlygy hem-de awtonom sürüjilik tehnologiýalaryny gowulandyrmakda ulanylýar...