Boeing долетел из Нью-Йорка до Лондона за рекордное время из-за урагана

  • 10.02.2020 21:49
  • 6.3k+

Nýu-Ýorkdan Londona uçan British Airways awiakompaniýasynyň «Boeing 747» ýolagçy uçary uçuşy 4 sagat 56 minudyň içinde amala aşyrmak bilen Atlantikadan uçup geçmegiň dowamlylygy boýunça rekordy täzeledi.
Flightradar portalynyň ýazmagyna görä, mundan öňki rekord bu gatnawy 4 sagat 57 minudyň we 4 sagat 59 minudyň dowamynda amala aşyran Virgin Atlantic uçarlaryna degişlidir. Nýu-Ýorkdan Londona gatnawyň ortaça wagty 6 sagat 13 minuda deň.
BBC-niň habar bermegi boýunça, rekordyň sebäbi «Siara» tupany boldy, ol uçara sagatda 825 mil (sagatda 1327 kilometr) tizlik bilen uçmaga mümkinçilik berdi. Ugurdaş ýeliň tizligi uçuş wagtynda sekuntda 80 metrden geçdi.
Öň, News.ru hereket edýän «Siara» tupany zerarly Eýfel diňiniň administrasiýasynyň syýahatçylar üçin bu monumenti ýapandygyny habar berdi. Mundan başga-da, Parižde gezelenç üçin ähli seýilgäh ýerleri hem ýapyldy. Brýusseliň aeroporty onlarça gatnawy ýatyrdy. Germaniýada, Belgiýada, Niderlandiýada we Beýik Britaniýada sport çäreleri hem ýatyryldy.
«Siara» tupany Beýik Britaniýada birnäçe gatnawlaryň ýatyrylmagyna, ýurduň käbir etraplaryny suw basyp almagyna, agaçlaryň ýykylmagyna getirdi. Niderlandiýada howa howpunyň «mämişi» derejesi yglan edildi. Çaklamalar boýunça, ýurduň kenarýaka etraplarynda ýel sagatda 120 kilometr tizlige baryp ýeter.

вчера 15:51
5.2k+

Вулкан Эребус в Антарктиде выбрасывает частицы золота

Вулкан Эребус в Антарктиде, являющийся самым южным активным вулканом планеты, ежедневно выбрасывает в атмосферу микроскопические частицы золота вместе с газом и паром. Исследователи зафиксировали в составе......

24.04.2026 18:54
9.1k+

Серия торнадо обрушилась на центральные штаты США

23 апреля серия из 17 торнадо прошла по Великим равнинам США — от Техаса до района Великих озёр. Самый мощный вихрь обрушился на северо-запад штата Оклахома, сообщает Associated Press....

22.04.2026 01:04
7.8k+

«А23а всё». Считавшийся крупнейшим айсберг потерял 99% своей площади

Айсберг А23а, который до конца 2025 года считался крупнейшим в мире, практически прекратил существование, сообщили в Арктическом и антарктическом научно-исследовательском институте (ААНИИ)....

21.04.2026 16:23
10k+

В Бразилии сильнейший град повредил десятки тысяч автомобилей

В минувшие выходные на бразильский мегаполис Сан-Паулу обрушился мощный град размером с куриное яйцо. Власти в ряде муниципалитетов ввели режим чрезвычайной ситуации....