Türkmenistanda birža söwdalary geçen hepde 7,6 mln dollardan geçdi

  • 16.02.2026 10:26
  • 1.1k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçilerine nah ýüplük, bugdaý uny, pagta süýümi, portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 699 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 182 million 280 müň manatdan gowrak bolan binýatlyk ýagy, polipropileni (“Türkmennebit” döwlet konserni), bugdaý ununy, nah matany we nah ýüplügi, plastik tekjeleri satyn aldylar.


düýn 11:41
2.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......