Глава Халк Маслахаты и президент Казахстана посетили промышленный парк в Туркестане

  • 23.04.2025 10:11
  • 5.2k+

22-nji aprelde Gazagystana dostlukly saparynyň jemleýji gününde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy boldy.

Saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystanyň Prezidenti bilen bilelikde “SPK TURKISTAN” senagat parkyna baryň gördi.
Iki tapgyrda amala aşyrylýan “SPK TURKISTAN” taslamasynda senagat desgalaryny, dolandyryş-durmuş toplumyny we beýleki degişli binalary gurmak göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda bu ýerde dürli pudaklarda ýöriteleşdirilen kärhanalaryň birnäçesi ýerleşýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Kasym-Žomart Tokaýew senagat parkyna baryp, bu ýerde öndürilýän dürli önümler bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýän sergi bilen tanyşdylar. Açyk meýdançada ýeňil awtoulaglar, traktorlar, kombaýnlar, awtobuslar, şeýle hem olaryň ätiýaçlyk şaýlary görkezildi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we Gazagystan Respublikasynyň Baştutany ykdysadyýetiň dürli pudaklary, şol sanda gurluşyk, oba hojalygy, ulag pudaklary üçin niýetlenen senagat önümleriniň nusgalarynyň, gaýtadan işleýän senagatyň harytlarynyň, kompýuter we durmuş tehnikasynyň görkezilýän sergi bölümine bardylar. Bu ýerde mowzuklaýyn wideoşekiller hem görkezildi.
Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Gazagystanyň Prezidenti bilelikde Türküstan şäheriniň Hazret Sultan Halkara howa menziline geldiler. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew birek-birek bilen mähirli hoşlaşyp, iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, umumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassykladylar.


вчера 17:31
929

Туркменистан и Турция провели девятое заседание межправкомиссии

В Ашхабаде прошло девятое заседание Межправительственной туркмено-турецкой комиссии по экономическому сотрудничеству. По итогам обсуждений стороны определили дальнейшие шаги по развитию партнёрства и подписали......

вчера 15:39
1.5k+

В Ашхабаде обсудили новые направления туркмено-американского делового партнёрства

В Торгово-промышленной палате Туркменистана в формате круглого стола состоялся туркмено-американский бизнес-форум. Представители двух стран обсудили перспективы расширения экономического сотрудничества и......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Три дня текстиля и моды: в столице открылась TurkmenTextile Expo — 2026

Сегодня в Ашхабаде начал работу один из крупнейших отраслевых форумов года — международная выставка-ярмарка TurkmenTextile Expo — 2026. Корреспондент tmcars оказалась в гуще событий и подготовила репортаж с......

04.06.2026 12:34
4.4k+

В трёх велаятах Туркменистана началась жатва пшеницы

3 июня в Ахалском, Лебапском и Марыйском велаятах началась зерноуборочная кампания 2026 года....