PUBG-niň döredijisi täze çykjak oýnuny görkezdi – Prologue: Go Wayback!

  • 03.03.2025 06:17
  • 4.6k+

PUBG oýnunyň döredijisi Brendan Griniň düýbi Amsterdamda (Niderlandlar Patyşalygy) ýerleşýän «PlayerUnknown Productions» studiýasy «Prologue: Go Wayback!» atly täze oýnunyň ilkinji geýmpleý treýlerini hödürledi. Täze oýun emeli aň (EA) tehnologiýasynyň kömegi bilen döredildi.

Treýlerde görkezilýän pursatlar gönümel oýnuň öz prosesinden alnan. Onda oýnuň esasy mehanikalaryny, giň we täsin dünýäsini görmek bolýar.
«Prologue: Go Wayback!» diňe bir adamlyk oýun bolup, ulanyjylara uly we aňyrsyny çaklap bolmajak açyk dünýäni öwrenmäge mümkinçilik berýär. Bu dünýä EA arkaly awtomatiki usulda döredilýär. Oýunçylara täze ýerleri ýüze çykarmak, zerur resurslary ýygnamak, çylşyrymly howa şertlerine (ýagyş, gar, aşa sowuk howa) uýgunlaşmak we iň esasysy – ýeke-täk halas ediş nokady bolan howa diňini (meteowyşkany) tapmak wezipeleri berilýär.
«PlayerUnknown Productions» studiýasy bu oýny «başlangyç ädim», ýagny geljekdäki has uly we giň gerimli taslamalarynyň başlangyjy hökmünde hödürleýär. Esasy maksat – gejekde ulanyjylara giň we çylşyrymly açyk dünýäni hödürlejek «Artemis» atly köp oýunçyly (multipleýer) sandboks oýnuny döretmek hem-de bu taslamany dolandyrjak özbaşdak oýun motory bolan «Melba-ny» kämilleşdirmekdir.
«Prologue: Go Wayback!» oýny öňümizdäki tomusda Steam platformasynda elýeterli bolar. Oýnuň bahasy häzirlikçe 20 dollar diýlip kesgitlenildi.

düýn 16:05
3.3k+

«Günüň we Suwuň çagalary» türkmen filmi Astanadaky kinofestiwalyň baýragyny aldy

Türkmen režissýory Bekdurdy Amansaryýewiň «Günüň we Suwuň çagalary» atly dokumental filmi «Astana Eco Film Festival» kinofestiwalynda tomaşaçylaryň gyzyklanmasy boýunça ýörite baýraga mynasyp boldy. Bu çäre......

düýn 13:51
1.9k+

Serdar Berdimuhamedow atşynaslary we türkmen halkyny bedew baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny we atşynaslary Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady. Gutlagyň teksti 26-njy aprelde Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi....

düýn 13:48
7.7k+

Atlaryň arasyndaky gözellik bäsleşiginiň ýeňijisine «Toyota Fortuner» awtomobili berildi

«Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» halkara bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi. «2026-njy ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen ada Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan, mele......

düýn 13:44
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti Milli bedew baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

25-nji aprelde Aşgabat atçylyk sport toplumynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu barada «TDH» döwlet habarlar agentligi habar......