Apple разрешила перенос контента между аккаунтами: как это работает

  • 14.02.2025 19:33
  • 3.9k+

Apple kompaniýasy enjamlaryň eýelerine satyn alan programmalaryny, aýdymlaryny we beýleki mazmunlaryny başga hasaplara geçirmäge rugsat berdi. Bu täzelik Ýewropa Bileleşigindäki, Beýik Britaniýadaky we Hindistandaky ulanyjylardan galan, kompaniýanyň enjamlaryny ulanýan ähli müşderilere elýeterli bolar diýip, «TechSpot» neşiri habar berýär.

Bu aýratynlyk iCloud we App Store hasaplary aýratyn bolan ulanyjylar üçin peýdaly bolar. Eger-de bir hasap diňe zat satyn almak üçin ulanylýan bolsa, olary başga bir hasaba geçirip, şol ýerden enjama göçürip alyp bolar. Şol bir wagtyň özünde abunalyklary hem satyn alnan mazmunlar bilen bilelikde geçirip bolar. Bu täzelik iCloud maglumatlaryna täsir etmez, sebäbi olar satyn alnan zatlara degişli däldir.
Satyn alnan mazmunlary öçürilen, ýatyrylan ýa-da bloklanan hasaplardan geçirmek mümkin bolmaz. Maglumatlar geçirilende hiç bir Apple hasaby programmalara aýratyn elýeterlilik ýa-da artykmaçlyk gazanmaz. Iki ulanyjy profili hem şol bir sebitde bolmaly bolar. Şeýle-de iki hasapda hem iki basgançakly tassyklamany (2FA) işjeňleşdirmek we beýleki käbir talaplary ýerine ýetirmek zerur bolar.
Satyn alnan mazmuny bir Apple hasabyndan beýlekisine geçirmek üçin:

  • iPhone ýa-da iPad enjamyňyzda «Sazlamalar» (Настройки) programmasyny açyň.
  • Ulanyjynyň adyna basyň, soňra «Media we satyn alnanlar» (Медиа и покупки) bölümine giriň.
  • «Gözden geçir» (Просмотреть) düwmesine basyň. Hasaba girmek talap edilmegi mümkin.
  • Aşak süýşüriň we «Satyn alnanlary geçir» (Перенос покупок) diýen opsiýany saýlaň.
  • Iki hasap baradaky maglumatlary hem gözden geçiriň we satyn alnanlary esasy hasaba geçirmek baradaky amallary tamamlaň.
  • Amallar tamamlanandan soň, «Satyn alnanlar geçirildi» (Покупки были перенесены) diýen habarnama peýda bolar. Iki hasap bilen baglanyşykly e-poçta salgylaryna tassyklama haty ugradylar.
  • Soňra «Media we satyn alnanlar» (Медиа и покупки) bölüminiň sazlamalaryny barlamagy, goşmaça Apple hasabyndan çykyp, esasy hasap bilen gaýtadan girmegi ýatdan çykarmaň.

Apple kompaniýasy eger-de enjamyň eýesi satyn alnanlary geçirmek hukugyna eýe bolmasa, «Satyn alnanlary geçir» opsiýasynyň görünmeýändigini belläp geçýär.


21.06.2026 21:09
1.2k+

Топ-20 главных звезд Apple Music: подведены итоги сервиса за 11 лет

Музыкальная платформа Apple Music готовится отметить свое 11-летие — сервис был запущен 30 июня 2015 года. В связи с этим событием был обнародован список из 20 самых прослушиваемых исполнителей за все время......

16.05.2026 11:20
4.1k+

Стив Джобс стал лицом новой монеты номиналом $1

Монетный двор США официально выпустил в продажу памятную монету номиналом 1 доллар, посвященную сооснователю компании Apple Стиву Джобсу. Ее анонсировали еще в прошлом году....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple урегулирует иск на $250 млн из-за задержки запуска обновлённой Siri

Компания Apple согласилась выплатить 250 млн долларов для урегулирования коллективного иска в США, связанного с задержкой запуска обновлённой версии голосового помощника Siri с функциями искусственного......

11.04.2026 14:59
8.1k+

В топ-10 бестселлеров мирового рынка смартфонов вошли сразу 5 моделей iPhone

Смартфоны iPhone заняли пять позиций в топ-10 самых продаваемых моделей в мире в четвертом квартале 2025 года. Это следует из данных Counterpoint Research. ...