TikTok bilen «Wikipediýa» birleşdirilip «WikiTok» döredildi

  • 08.02.2025 11:44
  • 4.8k+

Programmist Jemal Isaak açyk kodly «WikiTok» platformasyny işläp düzdi. Ol erkin ensiklopediýa «Wikipediýa» bilen TikTok sosial torunyň elementlerini birleşdirýär.

Lentany islendik enjamdan doly mugt görüp bolýar. Belliklerde sitatalar, suratlar we Wikipediýadaky makalalaryň doly salgylary bar.
Isaakyň aýtmagyna görä, ol bu platformany X sosial torundaky ulanyjylaryň haýyşlaryndan soň döredipdir. Häzirki wagtda taslamanyň mümkinçilikleri çäkli. Häzirlikçe bar bolan bary-ýogy 14 dilden birini saýlap bolýar. Ulanyjylara halan maglumatlaryny salgylanmany göçürmezden hem paýlaşyp bilýärler. Lenta çalt açylar ýaly, tutuş mazmuny öňünden ýükleýär.
Taslamanyň esasy kodlary TypeScript programmirleme dilinde ýazylan we işläp düzüjiniň aýtmagyna görä, ol gaty ýönekeý. Taslama GitHub-da MIT ygtyýarnamasy bilen neşir edildi. Demo görnüşi bolsa wikitok.vercel.app web sahypasynda ýerleşdirildi.

düýn 16:11
1.9k+

Harri Potter baradaky serialyň ilkinji tizeri çykdy

HBO teleýaýlymy sosial ulgamlarda ýaş jadygöý Harri Potter baradaky serialyň birinji möwsüminiň tizerini hödürledi. Ol «Harri Potter we jadygöýiň daşy» diýlip atlandyrylar we sekiz bölümden ybarat bolar....

düýn 16:05
3k+

Alymlar Italiýada gladiatora degişli bolmagy örän mümkin aramgähi tapdylar

Arheologlar Italiýanyň günortasynda gladiatorlaryň söweş pursatlary çekilen gadymy rim ýadygärlik guburynyň galyndylaryny tapdylar. Olaryň çaky boýunça gubur biziň eýýamymyzyň I asyrynyň başlaryna degişli......

düýn 15:28
1.6k+

Täze «Möý-adamyň» treýlerine taryhda ilkinji gezek 1 milliarddan gowrak tomaşa edildi

Tom Hollandyň gatnaşmagyndaky «Möý-adam: Düýbünden täze gün» (Человек-паук: Совершенно новый день) filminiň treýleri taryhda 1,1 milliard tomaşa sanyndan geçen ilkinji wideorolik boldy....

25.03.2026 17:02
2.1k+

Londonda Minecraft äheňinde dünýäde ilkinji dynç alyş seýilgähi gurlar

Londondaky «Chessington World of Adventures» seýilgähiniň çäginde 2027-nji ýylda «Minecraft World» tematiki seýilgähi açylar. Variety neşiriniň habar bermegine görä, desganyň gurluşygynyň bahasynyň 70 million dollar töweregi bolmagyna garaşylýar...