75-nji Berlin kinofestiwalynyň tertibi yglan edildi

  • 23.01.2025 14:37
  • 1.5k+

21-nji ýanwarda dünýäniň iň abraýly kinofestiwallarynyň biri bolan 75-nji Berlin halkara kinofestiwalynyň tertibi yglan edildi.

Esasy sanawa 19 film girdi. Şu ýyl bäsdeşleriň saýlanmagyna festiwalyň täze ýolbaşçysy Trişa Tattl jogapkär boldy. Ol öň BFI London kinofestiwalyna ýolbaşçylyk edipdi.
Emin agzalarynyň başlygy amerikaly režissýor Todd Heýns (“Kerol”) boldy.
Berlinale germaniýaly režissýor Tom Tykweriň “Yşyk” (Свет) dramasy bilen açylar. Film bäsleşik meýilnamasyndan daşary görkeziler.
Täze atlardan başga-da, baýrak üçin dalaşgärleriň sanawyna Radu Žude (“Kontinental '25”), Hon San-su (“Tebigat saňa näme diýýär”/ What Does that Nature Say to You”), Mişel Franko (“Düýşler”/Dreams) we Riçard Linkleýter (“Mawy Aý”/Blue Moon) ýaly ykrar edilen ussatlaryň hem täze eserleri girdi.
Special meýilnamasynda Pon Jun-honyň “Mikki 17” (Микки 17) filminiň we Jastin Kurzeliň “Uzak demirgazyga tarap darajyk ýol” (Узкая дорога на дальний север) serialynyň görkezilişi hem bolar.
Berlin kinofestiwaly 13-nji fewraldan 23-nji fewral aralygynda geçiriler.


düýn 22:20
1.4k+

Maýkl Jekson baradaky film tankytlara garamazdan, ilkibaşda baýopikler üçin rekord $217 million gazandy

"Maýkl” atly terjimehal film ilkinji dynç günlerinde dünýäde 217 million dollar girdeji gazanyp, terjimehal filmleriň arasynda rekord goýdy.Bu barada The Guardian neşiri habar berýär. ...

düýn 11:37
1.5k+

"Ar alyjylar: Ahyry" gaýtadan prokata çykarylmazdan öň goşmaça sahnalary alar

Režissýorlar Entoni bilen Jo Russo "Ar alyjylar: Ahyry" filmine dünýä derejesinde gaýtadan görkezilmezden öň täze sahnalaryň goşuljakdygyny tassykladylar....

26.04.2026 16:05
4.9k+

«Günüň we Suwuň çagalary» türkmen filmi Astanadaky kinofestiwalyň baýragyny aldy

Türkmen režissýory Bekdurdy Amansaryýewiň «Günüň we Suwuň çagalary» atly dokumental filmi «Astana Eco Film Festival» kinofestiwalynda tomaşaçylaryň gyzyklanmasy boýunça ýörite baýraga mynasyp boldy. Bu çäre......

26.04.2026 11:04
4.4k+

«Ratatuý» multfilminiň döredilmegine esas bolan meşhur aşpez Bernar Luazo barada film surata düşüriler

Fransiýada «Ratatuý» multfilminiň döredijilerine ylham beren aşpez Bernar Luazonyň durmuşy barada terjimehal film surata düşüriler. Bu barada «The Hollywood Reporter» neşiri habar berýär....