Amazon снимет фильм по игре The Sims

  • 20.09.2024 11:23
  • 3.9k+

Amazon MGM Studio-sy meşhur The Sims oýny esasynda film döreder. Bu barada Electronic Arts-a salgylanýan The Hollywood Reporter habar berdi.

EA-da franşizanyň muşdaklarynyň oýnuň "basgançaksyz howuzlar", sowadyjydaky towşan we Bella Got ýaly tanyş elementlerini ekranda görüp biljekdiklerini tassykladylar.
Filme “Loki” serialynyň birinji möwsümi bilen tanalýan Keýt Herron režissýorlyk eder. Filme LuckyChap - “Barbi” filminiň üstünde işlän, Margo Robbiniň, Tom Akerliniň, Jozi MakNamaranyň we Sofiýa Kerriň bilelikdäki kompaniýasy tarapyndan öndüriler.
Oýny işläp düzen Electronic Arts hem döredijilik we önümçilik işine gatnaşar.

“Sims äleminiň uly böleginiň janlanyşyny görersiňiz we filmden edil oýundan alýan täsirleriňiz ýaly täsir alarsyňyz. Bu biziň, hakykatdanam, gazanmak isleýän zadymyz. Biziň maksadymyz - Sims-iň oýnalyş tejribesini köp adamlar, olaryň belki-de serial bilen tanyş däl dostlary ýa-da maşgalalary bilen paýlaşmak” – diýip, EA-nyň wise-prezidenti we The Sims franşizasynyň baş menejeri Kit Gorman gürrüň berdi.

The Sims - özboluşly häsiýetleri we başarnyklary bolan gahrymanlary döretmäge mümkinçilik berýän durmuş-simulýasiýa oýny. Ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri franşiza dört sany doly bölekli we 80-den gowrak goşmaça toplumly çykdy.
Oýundaky gahrymanlar (simler) gündelik işleri ýerine ýetirýärler, meselem, nahar taýýarlaýarlar, jaý gurýarlar, çaga saklaýarlar ýa-da haýwanlara ideg edýärler  we ş.m. Wirtual adamlar simliş atly emeli dilde gürleýärler. Simleriň aragatnaşyk diliniň oýunçy üçin düşnüksizdigi sebäpli, ýüz keşp, yşarat we ses intonasiýasy arkaly aňladylýan aragatnaşyga aýratyn üns berilýär. Şeýle hem, oýunçy, häzirki wagtda simleriň näme hakda pikir edýändigi ýa-da näme hakda gürleşýändigi barada umumy düşünje berýän pikir köpürjiklerini görýär.


вчера 20:14
1.9k+

Состоялась премьера «Смерти Робин Гуда»: Хью Джекман сыграл героя на закате жизни

Сегодня в мировом прокате стартовал показ художественного фильма «Смерть Робин Гуда». Главную роль в картине исполнил Хью Джекман....

вчера 11:08
2.2k+

«Мир Юрского периода: Господство» признан самым затратным фильмом в истории

Фильм «Мир Юрского периода: Господство» признан самым затратным кинопроектом в истории. По данным Fortune, компания Universal Pictures потратила на его производство 658,8 млн долларов....

18.06.2026 09:56
2.3k+

У «Маши и Медведя» появится спин-офф о трёх медведях

Студия «Анимаккорд» анонсировала новый мультсериал «Маша и три медведя». Шоу станет спин-оффом проекта «Маша и Медведь», сообщает The Hollywood Reporter....

18.06.2026 09:53
1.8k+

Фильм «Махтумкули Фраги» вошёл в программу кинофестиваля в Марий Эл

В столице Республики Марий Эл, городе Йошкар-Ола проходит первый Марийский международный этнический кинофестиваль. Смотр объединяет представителей киноиндустрии из России, стран СНГ, Азии и Европы....