Huawei kompaniýasy Avatr 12 2024 hetçbegini anons etdi

  • 25.04.2024 14:47
  • 10k+

2024-nji ýylyň Pekin awtosalonynyň öňüsyrasynda Avatr Technology kompaniýasy 2024-nji model ýylynyň täzelenen, ýolsuz ýerden ýöremäge ukyply Avatr 11 awtoulagyny hödürledi. Kompaniýanyň prezidenti Çen Çžo hem brendiň elektromobil hatarynyň üstüni ýetirjek Avatr 12 hetçbegini anons etdi diýip, ixbt.com ýazýar.

Avatr 11 eýýäm hakyky şertlerde synagdan geçirilen Huawei-niň NOA awtodolandyryş ulgamy bilen üpjün edildi: awtoulag eýeleri onda 50 million kilometrden gowrak ýol geçdiler. Şeýle-de, awtomobil täzelenen audiosistema eýe boldy. Huawei-niň inženerleri bu ulgamyň üstünde bir ýyl zähmet çekdiler.
Ýolsuz ýerden ýöremäge ukyply awtoulag howpsuzlygy we rahat sürüşi üpjün etmek üçin 34 datçik we üç lidar bilen enjamlaşdyryldy. Salonda nappa-deri bilen zamşanyň utgaşmasy ulanylýar, 15,6 dýuýmlyk merkezi ekran bolsa ekranyň bölünmek funksiýasyny we ses buýrugyny goldaýar.
Avatr 11 230 – 425 kWt kuwwatly bir ýa-da iki hereketlendiriji bilen elýeterlidir, olar 3,9 – 6,6 sekuntda tizligi 100 km/s çenli artdyrmaga mümkinçilik berýärler.
Avatr 12 hetçbegi barada jikme-jik maglumat ýok we ol gijräk hödürlener.
Avatr brendi 2018-nji ýylda esasy tehnologiýa üpjün edijisi hökmünde Huawei-niň gatnaşmagynda esaslandyryldy. Häzirki wagtda Avatr hataryna Avatr 11 krossoweri we Avatr 12 hetçbegi girýär.


16.06.2026 07:52
4.1k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.7k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......