8-nji aprelde Ýerden doly Gün tutulma hadysasy görner

  • 06.04.2024 10:47
  • 24k+

2024-nji ýylyň 8-nji aprelinde Demirgazyk Amerikanyň hem-de Ýuwaş we Atlantik ummanlarynyň käbir adalarynyň ýaşaýjylary Günüň dolulygyna tutulmasyny synlap bilerler. Moskwa Planetariýasyna salgylanýan IXBT.com-nyň habar bermegine görä, ýetip gelýän hadysa “Amerikan tutulmasy” diýilýär, sebäbi onuň dürli tapgyrlary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hemme ýerinden görner.

Gün tutulmasy aşgabat wagty bilen sagat 21:39-da başlar we iň ýokary faza sagat 23:17-e ýeter, doly fazanyň dowamlylygy 4 minut 28 sekunt bolar.
Doly fazada Günüň täjini ýaragsyz göz bilenem görüp bolar, şeýle hem onuň golaýynda ýerleşýän ýyldyzlary we planetalary görmek mümkin bolar.

Gün tutulmasynyň bölekleýin tapgyrlaryny, howanyň ýagdaýyna görä, Demirgazyk we Günorta Amerikada, şeýle hem Ýuwaş we Atlantik ummanlarynyň akwatoriýalarynda synlamak bolar.
Gün bilen Aýyň tutulmasy alty aýdan bir gezek bolup geçýär, olaryň arasyndaky döwür - iki hepde. Aýyň tutulmasy - Aý dolanda, Günüň tutulmasy bolsa täze Aý doganda bolup geçýär. Bu "asman oýunlarynyň" dowamynda Gün, Ýer we Aý bir hatara düzülýärler. Ýer ortada düşende, planetamyzyň ýaşaýjylary Aý tutulmasyny synlamaga mümkinçilik alýarlar, Aý ortada bolanda bolsa - Gün tutulmasyny synlap bilýärler.


22.03.2026 16:34
3.8k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.3k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...