Туркменистан заявил о готовности увеличить поставки газа и электричества в страны ОЭС

  • 09.11.2023 17:08
  • 12k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Daşkentde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 16-njy mejlisinde çykyş edip, YHG-niň ýurtlaryna iberilýän tebigy gazyň we elektroenergiýanyň möçberlerini artdyrmaga Türkmenistanyň taýýardygyny mälim etdi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Dünýäniň energetika bazarlarynyň umumy durnuksyz ýagdaýda bolmagy, YHG-niň netijeli hyzmatdaşlyk modelini işläp düzmek üçin esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

«Bu, ilkinji nobatda, täze senagat we oba hojalygyň kuwwatynyň artmagy, infrastruktura desgalarynyň gurulmagy we bilelikdäki önümçilik taslamalaryna badalga berilmegi boýunça biziň ýurtlarymyzyň barha artýan energetika isleglerini kanagatlandyrmak üçin zerurdyr» diýip, Prezident aýtdy.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan birnäçe bilelikdäki iri energetika taslamalaryny öňe sürendigini we olara YHG-niň käbir ýurtlarynyň hem gatnaşýandygyny aýdyp geçdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz YHG giňişligini öz içine alýan energiýa üpjünçilik ulgamyny döretmek maksady bilen, hyzmatdaş ýurtlarymyzy energetika ulgamynda özara işlerimizi giňeltmäge çagyrdy.

«Men öz tarapymdan, häzirki wagtda bar bolan we geljekde guruljak kuwwatlyklar arkaly YHG-niň ýurtlaryna iberilýän tebigy gazyň we elektroenergiýanyň möçberlerini artdyrmaga Türkmenistanyň taýýardygyny aýdyp bilerin» diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady.


сегодня 07:42
809

В МИД Туркменистана прошли встречи с послами Финляндии и Японии

10 июня заместитель министра иностранных дел Туркменистана Мяхри Бяшимова провела дипломатические встречи с послами Финляндской Республики и Японии. Об этом сообщили в пресс-службе внешнеполитического......

09.06.2026 12:11
12k+

В Узбекистане отменили лимит на сертификаты для импортируемых авто

В Узбекистане отменено ограничение на получение сертификатов соответствия для импортируемых автомобилей, которое ранее позволяло оформить такой документ только на одну машину в год....

08.06.2026 17:39
2k+

Сумма экспортных сделок на бирже Туркменистана превысила $78,6 млн

За минувшую неделю на торгах Государственной товарно-сырьевой биржи Туркменистана было зарегистрировано 49 сделок. Общая стоимость экспортных контрактов превысила 78,656 млн долларов США....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Туркменистан и Турция провели девятое заседание межправкомиссии

В Ашхабаде прошло девятое заседание Межправительственной туркмено-турецкой комиссии по экономическому сотрудничеству. По итогам обсуждений стороны определили дальнейшие шаги по развитию партнёрства и подписали......