Ronaldu “Mançester Ýunaýtediň” iň gowy oýunçylarynyň ilkinji onlugyna goşulmady

  • 27.10.2023 12:00
  • 12k+

“FourFourTwo” žurnaly “Mançester Ýunaýtediň” taryhynda iň gowy oýunçylaryň reýtingini düzdi. Sanaw neşiriň resmi saýtynda hödürlendi diýip, gazeta.ru ýazýar.

Birinji orny Angliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 1966-njy ýylyň dünýä çempiony Bobbi Çarlton eýeleýär. Onuň hasabynda topar üçin 606 oýunda 199 gol bar. Ikinji orunda “Altyn topuň” eýesi Jorj Best gelýär – 360 oýunda 143 gol. Üçlügi 12 ýyl (1982 – 1994 ý.) toparyň kapitany bolan Braýan Robson jemleýär. Onuň hasabynda 339 oýunda 69 gol bar.
Iň gowy oýunçylaryň onlugyna portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu goşulmady. Ol topar üçin 346 oýna gatnaşyp, 145 gol geçirdi. Toparyň düzüminde Angliýanyň Premýer-ligasynyň üç gezek çempiony we Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy.

“MÝ-niň” taryhynda iň gowy futbolçylaryň ilkinji onlugy:

  1. Bobbi Çarlton (Angliýa);
  2. Jorj Best (Demirgazyk Irlandiýa);
  3. Braýan Robson (Angliýa);
  4. Erik Kantona (Fransiýa);
  5. Denis Lou (Şotlandiýa);
  6. Ueýn Runi (Angliýa);
  7. Raýan Giggz (Uels);
  8. Dunkan Edwards (Angliýa);
  9. Petr Şmeýhel (Daniýa);
  10. Pol Skoulz (Angliýa).

düýn 23:00
1k+

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.5k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.9k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......