Russiýanyň TASS habarlar agentligi 119 ýaşady

  • 02.09.2023 11:02
  • 5.9k+

Russiýanyň TASS habarlar agentligi anna güni 119 ýyllygyny belleýär. Agentlik ýakyn geljekde ýurduň içinde we daşary ýurtlarda habar nokatlarynyň ulgamyny giňeltmegi meýilleşdirýär.

Russiýanyň TASS döwlet maglumat agentliginiň taryhy Sankt-Peterburgyň telegraf gullugyndan başlandy, onuň ilkinji iş güni 1904-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlapdy. TASS her gün Russiýadaky we daşary ýurtlardaky habarçylaryndan, takmynan, 3 müň habar we 700-e golaý surat hem-de wideo materiallaryny goýberýär.
TASS-yň Sankt-Peterburgdaky, Nowosibirskdäki we Ýekaterinburgdaky sebit maglumat merkezleri, Russiýanyň sebitlerindäki onlarça habar nokatlary, şeýle hem 51 ýurtdaky 56 wekilhana Russiýadaky we dünýädäki wakalar barada obýektiw maglumatlary gyzgyny bilen almaga we ýaýratmaga mümkinçilik berýär. Agentligiň işini hakyky wagt režiminde 1,8 müňden gowrak işgär ýöredýär.
2023-nji ýylyň sekiz aýynda TASS-yň web sahypasynyň ulanyjylary 95,4 milliondan geçdi. Aýda sahypa girip görýän özboluşly adamlaryň sany 17 milliondan gowrak.


18.04.2026 15:16
3.4k+

Dünýäniň iň uly sebitleriniň reýtingi: Saha Respublikasyndan başlap Günbatar Awstraliýa çenli

Sebitler, awtonom territoriýalar, ülkeler we ştatlar – bularyň hemmesi ýurtlaryň administratiw-territorial birlikleridir. Olar taryhy, geografik, ykdysady we etniki faktorlara esaslanyp döredilýär. Şol bir......

15.04.2026 20:08
5.4k+

Moskwada dünýäniň iň uzyn tramwaý ugry ulanylyşa girizildi

Moskwada ikinji tramwaý diametri (T2) ulanylyşa girizildi, ol şeýle görnüşdäki ugurlaryň arasynda iň uzyny boldy. Paýtagtyň häkiminiň saýtynda habar berlişi ýaly, onuň uzynlygy 33 kilometre barabar....

01.04.2026 16:26
1.5k+

Aşgabatda Rus kinofilmleriniň festiwaly geçirildi

Aşgabatda 27–29-njy mart aralygynda Rus kinofilmleriniň festiwaly geçirildi. Çäre Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýardam bermegi bilen «ROSKINO»......

01.04.2026 14:31
10k+

Iň uly süýji suw gorlaryna eýe bolan ýurtlaryň reýtingi

Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Braziliýa takmynan 5.661 milliard kub metr bilen dünýäde süýji suw gorlary boýunça birinji orny eýeleýär....