Apple düýpgöter täzeden dizaýn edilen «Watch X» çykarar

  • 14.08.2023 23:23
  • 11k+

Apple birnäçe ýyldan soň, ilkinji gezek “Apple Watch”-iň dizaýnyny täzelemegi maksat edinýär, ýöne bu 2024-nji ýyldan bärde amal edilmez. Bu barada Bloombergiň žurnalistiniň we abraýly insaýder Mark Gurmanyň Power On-a hepdelik poçta ýollamasynda aýdylýar.

Kompaniýa magnit kemeri bilen birikdirmek mehanizmi, gan basyşynyň datçigi we mikroLED ekrany bilen has inçeldilen Apple Watch X-i ösdürýär. iPhone X-da bolşy ýaly, gajetiň onunjy neslini alamatlandyrýan bu sagadyň 2024-nji ýylyň ahyrynda ýa-da 2025-nji ýylda bazara çykmagyna garaşylýar.
Adaty mehaniki gaýyş sagatbaglar inženerler üçin Apple-iň dakylýan zatlaryň ölçeglerini optimizirlemek ýa-da batareýanyň kuwwatyny ýokarlandyrmak hem-de täze içki bölekleri goşmak üçin ulanyp boljak gymmatly giňişligi tutýar.
Eýýäm 2023-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda kämilleşdirilen prosessor we öňkülerine meňzeş dizaýny aljak Apple Watch Series 9 hödürlener. Hut şol günem ikinji nesliň meşhur Apple Watch Ultra we iPhone 15 smartfonlarynyň täze hatary görkeziler.


09.06.2026 23:04
2.9k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.8k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

03.06.2026 00:06
2.3k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......

28.05.2026 23:53
6k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....