Mercedes-Benz elektromobilleriniň satuwy II çärýekde iki esseden gowrak ýokarlandy

  • 16.07.2023 12:23
  • 19k+

Ikinji çärýekde Mercedes-Benz Group kompaniýasynyň elektromobilleriniň satuwy Germaniýada we ABŞ-da islegiň ýokarlanmagy netijesinde iki esseden gowrak ýokarlandy. Bu barada kompaniýanyň metbugat relizinde aýdylýar diýip, interfax.ru habar berýär.

Elektromobilleriň satuw möçberi bir ýyl ozalky 25,2 müň awtoulag bilen deňeşdirilende, 56,3 müň birlik boldy. Umuman, geçen çärýek Mercedes-Benz awtomobilleriniň satuwy 6% - 515,7 müň birlige çenli ýokarlandy.
Ýewropada 157,1 müň awtoulag satyldy, bu bir ýyl ozalkydan 5% köpdür. Aziýada satylan awtomobilleriň sany 10% ýokarlanyp, 239,2 müňe ýetdi. Demirgazyk Amerikada satuwyň 3% ösüşi hasaba alyndy – 98,8 müň birlige çenli.
Ýylyň başyndan bäri Mercedes-Benz Group-yň paýnamalarynyň bahasy 17% ýokarlandy.


şu gün 11:52
3.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......