HBS: FIFA oýundan daşardaky ýagdaýy kesgitlemegiň düzgünini üýtgedip biler

  • 02.07.2023 19:26
  • 24k+

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) we Halkara futbol assosiasiýasy geňeşi (IFAB) oýundan daşardaky ýagdaýy (ofsaýd) kesgitlemegiň täze düzgüniniň üstünde işleýärler. Bu barada Ispaniýanyň Mundo Deportivo gazeti şenbe güni habar berdi.

Täze düzgüne görä, hüjüm edýän oýunçy goranýan toparyň iň soňky oýunçysyndan, şol sanda derwezebandan dolulygyna öňde bolsa, oýundan daşardaky ýagdaý hasaba alnar. Hüjüm edýän oýunçynyň bedeniniň bir bölegi goragçy bilen bir çyzyga gabat gelende, ofsaýd hasap edilmez. Bu üýtgeşmäni ýakyn wagtda Niderlandlaryň, Italiýanyň we Şwesiýanyň aşaky ligalarynda synagdan geçirilmek meýilleşdirilýär.
Teklip edilen üýtgeşmeleriň başlangyjy FIFA-nyň global futbol bölüminiň başlygy Arsen Wengere degişli.


düýn 23:23
5.9k+

Fizikler Dünýä çempionatynda ulanyljak topuň garaşylýan wagtyndan öň ýere düşýändigini ýüze çykardylar

ABŞ-nyň Pýudžet-Saund uniwersitetiniň fizikleri 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň resmi topuny synap gördüler we onuň örän gyzykly aýratynlygyny ýüze çykardylar....

düýn 21:08
5k+

Dani Karwahal 13 ýyldan soň «Real» bilen hoşlaşýar

Çempionlar ligasynyň alty gezek ýeňijisi, ispaniýaly goragçy Dani Karwahal möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Realyndan» gider. Bu barada futbol klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

düýn 00:06
5.8k+

«Benfika» Mourinýu bilen ligadaky möwsümi asla utulman tamamlady, ýöne titul almady

Lissabonyň «Benfika» topary baş tälimçi Žoze Mourinýunyň ýolbaşçylygynda 2025/2026 möwsümini Portugaliýanyň çempionatynda ýekeje gezek hem utulman tamamlady we Ýewropada öz ýurdunda şeýle netije görkezen......

17.05.2026 20:11
3.8k+

Habi Alonso «Çelsiniň» baş tälimçisi wezipesine bellendi

Habi Alonso 1-nji iýuldan başlap Londonyň «Çelsi» futbol klubunyň baş tälimçisi bolar. Klubuň metbugat gullugy ispaniýaly hünärmen bilen dörtýyllyk şertnama baglaşylandygyny resmi taýdan yglan etdi....