Женщинам в Иране разрешили посещать футбольные матчи

  • 02.07.2023 17:14
  • 17k+

Eýranyň Milli howpsuzlyk geňeşi aýal-gyzlaryň ýerli çempionatyň oýunlary wagtynda ýurduň futbol stadionlaryna barmagy baradaky meseläni tassyklady. Bu barada Eýranyň Futbol federasiýasynyň prezidenti Mehdi Taj aýtdy diýip, Bi-bi-si salgylanyp, rbc.ru belleýär.

Bu karary durmuşa geçirmek üçin ýurduň Içeri işler ministrliginiň, Sport we ýaşlar ministrliginiň, Futbol federasiýasynyň we ýörite gulluklaryň wekillerinden ybarat iş topary döredildi.

“Aýal-gyzlar “Gol Gohar”, “Sepahan”, “Zob Ahan” we “Gadir Ahwaz” ýaly stadionlardaky oýunlara gatnaşyp bilerler. “Azadi” stadiony hem taýýar bolmaly” – diýip, Taj aýtdy.

Aýal-gyzlar üçin futbol stadionlaryna barmaga gadaganlyk 1979-njy ýyldaky Yslam rewolýusiýasy döwründen bäri hereket edýärdi. Olara diňe, mysal üçin, şu ýylyň mart aýynda Russiýa bilen geçirilen dostlukly oýun ýaly aýratyn oýunlara barmaga rugsat berilýärdi.
2022-nji ýylyň awgust aýynda eýranly aýal-gyzlar 40 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek Tähranda geçirilen professional futbol oýnuna baryp gördüler. 500 aýal-gyza ýerli çempionatyň “Esteglal” we “Sanat Mes Kerman” toparlarynyň arasyndaky oýna tomaşa etmek üçin “Azadi” stadionyna barmaga rugsat berildi. Aýal-gyzlaryň aýratyn sektory bardy we olar stadiona awtoulag duralgasynyň üsti bilen ýörite girelge arkaly girdiler.


сегодня 16:18
1.6k+

Самые высокооплачиваемые футболисты и тренеры ЧМ–2026

Чемпионат мира традиционно собирает лучших игроков планеты. На турнир в США, Канаде и Мексике прибыли 48 сборных, каждая из которых заявила по 26 футболистов. Это означает, что в финальной стадии турнира......

вчера 19:10
5.7k+

Возвращение «Особенного»: Жозе Моуринью возглавил мадридский «Реал»

Португальская «Бенфика» официально объявила об уходе 63-летнего главного тренера Жозе Моуринью. Специалист возвращается в мадридский «Реал»....

вчера 10:53
7.4k+

AS: «Реал» требует у УЕФА аннулировать 23 титула «Барселоны»

Мадридский «Реал» направил в УЕФА досье по делу бывшего вице-президента технического комитета судей Испании Хосе Марии Энрикеса Негрейры и потребовал применить санкции к «Барселоне», сообщает Diario AS....

09.06.2026 22:01
5.8k+

Легенда «Ливерпуля» Дивок Ориги объявил о завершении карьеры в 31 год

Бывший нападающий «Ливерпуля» и сборной Бельгии Дивок Ориги объявил о завершении профессиональной карьеры в возрасте 31 года....