Google iki ýyllap ulanylmadyk şahsy akkauntlary aýryp başlar

  • 19.05.2023 09:01
  • 5.2k+

Google iki ýylyň dowamynda ulanylmadyk akkauntlary ýok eder. Bu barada kompaniýanyň wise-prezidenti Rut Kriçeliniň Google saýtynda ýerleşdirilen beýanynda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

“Şu ýyldan başlap, eger Google akkaunty azyndan iki ýylyň dowamynda ulanylmadyk bolsa, biz akkaunty we şol sanda Google Workspace (Gmail, Docs, Drive, Meet, Calendar), YouTube we Google Photo serwislerinde saklanýan mazmuny aýryp bileris” – diýip, Kriçeli belledi. Onuň aýtmagyna görä, täze syýasat diňe şahsy akkauntlara täsir eder, mekdepleriň we dürli guramalaryň akkauntlary bu üýtgeşmä sezewar edilmez.

Habarda bellenilişi ýaly, kompaniýa işjeň däl akkauntlary 2023-nji ýylyň dekabr aýyndan aýryp başlar, ýöne ondan öň akkauntlaryň eýelerine habar ýollanar.


10.03.2026 18:32
1.5k+

Google daşky gurşawy aşa hapalaýjylara garşy göreşmek üçin $50 mln gönükdirer

Google kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli daşky gurşawdan «aşa hapalaýjylary» aýyrmak üçin 50 million dollar sarp etmäge borçlandy. Bu barada «Datacenter Dynamics» neşiri habar berýär. Super Pollutant Action başlangyjynyň çäklerinde korporasiýa klimat üçin kömürturşy gazyndan hem has howply bolan metan we ftorly gazlara garşy göreşmäge ünsi jemlär...

03.03.2026 23:28
6.8k+

2026-njy ýylda dünýäde iň köp girilen 20 saýt

2026-njy ýylda global internet trafikiniň esasy bölegi henizem az sanly iri platformalarda jemlenmeginde galýar. Olar ulanyjylaryň nähili maglumat gözleýşini, wideolary görşüni, aragatnaşyk saklaýşyny we internetde söwda edişini kesgitleýär...

03.03.2026 16:51
1.9k+

Google Translate dürli terjime görnüşini hödürleýän emeli aň gurallary bilen üpjün edildi

Google kompaniýasy özüniň Translate (Terjime) goşundysy üçin emeli aňa esaslanýan täze mümkinçilikleri hödürledi. Gemini neýroulgamynyň goşulmagy netijesinde, indi ulanyjylar gündelik söhbetler üçin ýönekeý ýa-da resmi hat-habarlar üçin iş stili ýaly terjimäniň görnüşlerini-de saýlap bilerler...

26.02.2026 16:20
2.1k+

Instagram Google TV-li telewizorlarda işläp başlady

Instagram programmasy ABŞ-da Google TV ulgamynda işleýän enjamlaryň eýeleri üçin elýeterli boldy. Bu täzelik dekabr aýynda hyzmatyň Amazon Fire TV platformasynda peýda bolmagyndan soňra amala aşyryldy. Täze programma üpjünçiligi Reels wideolaryny we esasy täzelikler akymyny gönüden-göni telewizor ekranlarynda görmäge mümkinçilik berýär...