«Real» 2014-nji ýyldan bäri ilkinji gezek futbol boýunça Ispaniýanyň Kubogyny aldy

  • 07.05.2023 11:58
  • 17k+

Madridiň «Realy» futbol boýunça Ispaniýanyň Kubogynyň final duşuşygynda «Osasunany» 2:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk ýekşenbä geçilen gije Sewilýada Olimpiýa stadionynda geçirildi.

«Realyň» düzüminde Rodrigo dubl etdi (2-nji, 70-nji minutlar). «Osasunadan» Lukas Torro gol geçirdi (58).
Soňky gezek «Real» 2014-nji ýylda Ispaniýanyň Kubogyny gazanypdy. Şol gezek klub finalda «Barselonadan» üstün çykdy (2:1). «Real» bu baýragy 20-nji gezek eýeledi. Bu görkeziji babatda rekord eýesi «Barselonadyr» (31 Kubok), ikinji ýerde «Atletik» (23).


şu gün 16:39
4.3k+

Çempionlar ligasynyň täze toplary gijeki asmandan, kosmosdan we demirgazyk şapagyndan ylham alyp döredildi

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) 2025/26 möwsüminiň erkekler we zenanlar Çempionlar ligasy üçin täze resmi toplaryny hödürledi. Täze modeller ýaryşyň umumy tapgyrynda ulanylar. Erkekler Çempionlar ligasy üçin top gök we altyn nagyşlar bilen bezeldi...

düýn 14:29
8.1k+

Türkmenistan CAFA Milletler kubogynda Gyrgyzystan, Özbegistan we Oman bilen duşuşar

Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) Milletler kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynyň oýunlarynyň tertibi resmi taýdan mälim edildi. Bu barada CAFA-nyň metbugat gullugy habar berýär. CAFA-nyň Milletler kubogy taryhda ikinji gezek geçirilýär...

24.08.2025 16:45
5.2k+

«Barselona» üçünji egin-eşik toplumyny hödürledi: Klub 11 ýyldan bäri ilkinji gezek mämişe reňke dolanar

«Barselona» futbol kluby 2025/26 möwsüm üçin üçünji egin-eşik toplumyny görkezdi. Hansi Fligiň topary 2014/15 möwsüminden bäri ilkinji gezek mämişi köýnekçede meýdana çykar. Klub taryhynda bu reňk sekizinji gezek ulanylar...

23.08.2025 18:33
21k+

Tramp 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň bijeleriniň çekiljek senesini we ýerini aýtdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň bije çekişiginiň 5-nji dekabrda Waşingtonyň Kennedi adyndaky Ýerine ýetiriş sungat merkezinde geçiriljekdigini habar berdi. Ol muny FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinonyň gatnaşmagynda Prezidentiň iş otagyndan ýörite ýüzlenme bilen aýtdy...