Çernogoriýanyň prezident saýlawlarynda Ýakow Milatowiç ýeňiş gazandy

  • 03.04.2023 21:52
  • 6.1k+

Çernogoriýanyň öňki ykdysady ösüş ministri Ýakow Milatowiç ýurduň prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda 60% ses alyp, ýeňiş gazandy.

Çernogoriýanyň häzirki prezidenti Milo Jukanowiç Ykdysady ösüş ministrliginiň öňki ýolbaşçysy Ýakow Milatowiçi prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ýeňiş gazanmagy bilen gutlady.
Çernogoriýada ýekşenbe güni ýurduň prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçirildi. Saýlaw uçastoklary sagat 07.00-da açyldy we ýerli wagt bilen 20.00-da ýapyldy. Respublikanyň 542154 ýaşaýjysynyň ses bermäge hukugy bardy. Döwlet saýlaw toparynyň habaryna görä, saýlawçylaryň 69.33% -i ses berdi.


01.04.2026 19:38
6.6k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......

16.03.2026 14:21
2.7k+

Gazagystanda täze Konstitusiýa boýunça geçirilen referendumyň deslapky netijeleri mälim edildi

Gazagystan Respublikasynyň Merkezi referendum komissiýasy ýurduň täze Konstitusiýasyny kabul etmek boýunça geçirilen ses berişligiň deslapky netijelerini yglan etdi. Bu barada Tengrinews.kz neşiri habar berýär...

12.03.2026 11:32
2.6k+

Hose Antonio Kast Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi

Hose Antonio Kast resmi taýdan Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi. Walparaiso şäherindäki Kongres binasynda geçirilen kasam kabul ediş dabarasy Meganoticias teleýaýlymy arkaly göni efirde görkezildi. Täze prezident...

05.03.2026 05:58
6k+

Türkmenistanda saýlawçylar bilen dalaşgärleriň duşuşyklaryna badalga berildi

2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri işjeň dowam edýär. Häzirki wagtda ýurduň ähli künjeklerinde dalaşgärleriň we olaryň ynanylan wekilleriniň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirilýär...