Toyota täzelenen Yaris hetçbegini tanyşdyrdy

  • 15.03.2023 18:28
  • 12k+

Toyota täze dizaýny, goşmaça howpsuzlyk we birikdiriş funksiýalaryny alan täzelenen Toyota Yaris XP150 hetçbegini hödürledi.

Salonynda 9 dýuýmlyk sensor ekranly maglumat ulgamy bar. Toyota Yaris-iň täze wersiýasy oturgyç daşlyklary (mata/deri) üçin has gowy material we yzky ýolagçylar üçin iki sany USB-C porty aldy. Ahyrsoňy, öň penjiresiniň aňyrsynda oturdylan wideoregistratory we ýagtylygy sazlanýan aýnasy bar. Awtoulagda görünmeýän zolaklaryň monitory we yzky çaknyşmadan goraýan duýduryşy bar.

Toyota Yaris-iň Tailand wersiýasy ozalky tebigy islegli 91 at güýjüni berýän 1,2 litrlik dört silindrli benzinli, aýlanýan pursady 109 Nm hereketlendirijini saklap galýar. Öňki oka kuwwat diňe wariatoryň üsti bilen geçirilýär.
Täzelenen Toyota Yaris-i Tailandda 16 217 dollar bahadan başlap sargyt edip bolýar.


23.05.2026 08:13
3.4k+

Toyota hereketlendirijilerdäki meseleler sebäpli V6-ly ulaglaryny ýene-de yzyna çagyrýar

Toyota kompaniýasy ABŞ-da 3,5 litrlik V6 hereketlendirijileriniň döwülmek howpy sebäpli 44 müň töweregi Toyota Tundra pikapyny yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

22.05.2026 14:47
5.5k+

Iň kiçi Toyota Land Cruiser FJ ýolsuz ýerde ýöreýän ulagy ýapon bazaryna çykdy

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazarynda täze Land Cruiser FJ ramaly wnedorožniginiň satuwa çykarylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Model ýeke-täk VX komplektasiýasynda hödürlenip, bahasy 4,5 million ýena......

18.05.2026 06:21
5.8k+

Toyota RAV4-i pikapa öwürmek isleýär

Toyota kompaniýasy häzirki nesil RAV4 krossoweriniň platformasynda täze ýeňil pikap işläp düzmegiň we çykarmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär. Bu barada ýapon konserniniň Demirgazyk Amerika bölüminiň ýolbaşçysy......

14.05.2026 11:11
4.5k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....