Serdar Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň işiniň iki aýynyň jemlerine garady

  • 08.03.2023 12:26
  • 27k+

7-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy.

Mejlisiň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary garamagyndaky düzümlerde degişli döwürde alnyp barlan işler barada hasabat berdiler.
Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, düzüm bölekleriniň işiniň döwrebap derejede guralmagynyň, goşunlaryň ähli kysymlarynyň iň täze tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyrylmagynyň bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.
Şeýle hem Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy işde sanly ulgamyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak hem-de düzümiň işgärler üpjünçiligini pugtalandyrmak babatda degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýleki meselelere-de garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......