Джефф Безос готов пожертвовать большую часть своего состояния

  • 16.11.2022 14:00
  • 12k+

Amazon kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos CNN ýaýlymyna beren interwýusynda ömrüniň dowamynda baýlygynyň ep-esli bölegini haýyr-sahawata bagyş etjekdigini aýtdy. Häzirki wagtda “Forbes” onuň baýlygyny 124,1 mlrd dollar bilen bahalandyrýar. Milliarder puly nädip we kime berjekdigini anyklaşdyrmady, ýöne häzir “munuň üçin esas döredýändigini” gürrüň berdi diýip, AZERTAJ belleýär.

“Muny nädip oýlanyşykly etmelidigine düşünmek has kyn. Bu ýönekeý däl. Amazon-y döretmek aňsat iş bolmady. Munuň üçin uly zähmet we örän akylly ýoldaşlar gerek boldy” – diýip, Bezos belledi.

Öň, Bezos milliarderleri baýlygynyň köp bölegini haýyr-sahawata bagyş etmäge oýarmak üçin Bill Geýts, Melinda Frenç Geýts we Uorren Baffet tarapyndan işe girizilen Giving Pledge kampaniýasyna goşulmandygy üçin tankytlandy. Onuň öňki aýaly Makkenzi Skot bu wada 2019-njy ýylda gol çekdi we şondan bäri haýyr-sahawat dünýäsiniň esasy şahsyýetine öwrüldi. Soňky üç ýylda ol afroamerikalylar üçin kollejlere we uniwersitetlere, aýallaryň hukuklaryny goraýjy toparlara we beýleki täjirçilik däl guramalara 12 mlrd dollardan gowrak serişde berdi.
Bezos haýyr-sahawat işlerine we beýleki taslamalara köp üns bermek üçin geçen ýyl Amazon-yň baş müdiri wezipesinden aýryldy. Beýleki haýyr-sahawatlardan başga-da, ol Bezos Earth Fund başlangyjynyň çäklerinde howanyň üýtgemegine garşy göreş üçin 10 mlrd dollar bermegi wada berdi. “The Chronicle of Philanthropy” žurnalynyň maglumatlaryna görä, ol geçen ýyl haýyr-sahawat işine 510,7 mln dollar bagyş etdi.


27.05.2026 15:30
1.7k+

Саурон возвращается: 3-й сезон «Властелина колец: Кольца власти» выйдет в ноябре 2026 года

Amazon MGM Studios объявила, что третий сезон сериала «Властелин колец: Кольца власти» выйдет на платформе Prime Video 11 ноября 2026 года....

12.05.2026 14:49
4.4k+

Джефф Безос и Лорен Санчес направили $34 млн на создание биоразлагаемых тканей

Джефф Безос и Лорен Санчес выделили $34 млн на поддержку научных центров, занимающихся разработкой экологичных замен полиэстеру и хлопку....

09.02.2026 07:35
783

Amazon планирует снизить стоимость кинопроизводства с помощью нейросетей

Amazon намерена применять искусственный интеллект при создании фильмов, чтобы сократить сроки производства и снизить его стоимость. В компании подчёркивают, что новые технологии не заменят творческих специалистов, а помогут выпускать больше проектов...

02.02.2026 12:33
4k+

Документальный фильм «Мелания» показал рекордный старт в прокате США, вопреки критике

Документальный фильм «Мелания» установил рекорд по стартовым кассовым сборам в США. В первый день проката картина собрала $2,9 млн, а по итогам уик-энда, по прогнозам, сборы превысят $8 млн. Это лучший результат для документального кино за последние десять лет...