Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň gatnaşmagynda güýzki bag ekmek möwsümi başlandy

  • 05.11.2022 15:38
  • 24k+

Şu gün, 5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ilkinji agaç nahalyny oturtmagy bilen Türkmenistanda güýzki bag ekmek möwsümi badalga aldy. Ekologik çäre paýtagtymyzdaky Magtymguly Pyragynyň täze gurulýan beýik ýadygärliginiň ýanynda geçirildi.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiriniň habar bermegine görä, köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna ýurdumyzyň sebitleriniň ýaşaýjylarynyň hem goşuldylar.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, şu ýyl saýaly, pürli, miweli baglaryň hem-de üzümiň jemi 3 million düýbüni ekmek göz öňünde tutuldy. Şu günki ählihalk bag ekmek dabarasy bolsa şol möhüm Kararyň ýylyň dowamynda üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň anyk beýanyna öwrüldi.
Şeýle-de şu gün köpçülikleýin bag ekmek dabarasy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda hem ýaýbaňlandyryldy.


düýn 22:59
303

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.3k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

08.05.2026 15:01
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň Halkara gatnaşyklary institutynda ýaşlar eko-kwesti geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ÝUNESKO-nyň «Parahatçylyk medeniýeti» kluby hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan bilelikde guralan «Ekologiýa......

07.05.2026 00:06
2.5k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....