Werstappen möwsümde ýeňişleriniň sany boýunça «Formula-1-iň» rekordyny goýdy

  • 31.10.2022 15:18
  • 6.2k+

«Red Bull-yň» niderlandly sürüjisi Maks Werstappen «Formula — 1» ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň 20-nji tapgyrynda — Meksikanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Duşuşyk doganlar Rodriges adyndaky awtodromda geçdi.

Ikinji bolup «Mersedesden» Lýuis Hemilton, üçünji bolup «Red Bull-dan» Serhio Peres geldi.
Werstappen häzirki möwsümde 14-nji ýeňşini gazandy. Niderlandly sürüji bir möwsümde ýeňişleriniň sany boýunça «Formula-1-iň» rekordyny goýdy. Bu görkeziji boýunça ol Mihael Şumaheriň we Sebastýan Fetteliň netijelerinden öňe geçdi.
Werstappen 416 utuk toplap, şu möwsümde ýeňşini deslapdan üpjün etdi.
«Formula-1-iň» indiki tapgyry 11-13-nji noýabrda Braziliýada geçer.


23.05.2026 16:21
10k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

23.05.2026 11:08
4.5k+

Meksikadaky stadionda Peläniň 9 metrlik heýkeli oturdyldy

2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň öň ýanynda, Meksikanyň Gwadalahara şäherindäki meşhur «Halisko» stadionynyň öňünde futbol şasy Peläniň boýy 9 metrlik bürünç heýkeli goýuldy....

21.05.2026 23:19
8.2k+

FIFA Eýranyň 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmagy üçin kepillik berdi

Eýranyň Daşary işler ministrligi ýurduň milli ýygyndysynyň ABŞ-nda, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Halkara futbol federasiýasyndan (FIFA) kepillik alandygyny......

15.05.2026 18:58
10k+

Klimatologlar dünýä çempionatynda aşa howply yssynyň boljakdygyny duýdurýarlar

Klimatologlar 2026-njy ýylda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň käbir oýunlarynyň futbolçylaryň we janköýerleriň saglygyna zeper ýetirip biljek aşa yssy şertlerde......