Moskwada Ýewropada iň uly syn ediş çarhy açyldy

  • 11.09.2022 13:54
  • 16k+

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Moskwanyň “Zarýadýe” seýilgähinden wideo konferensiýa režiminde Halk hojalyk toplumynyň üstünlikleriniň sergisinde Ýewropada iň uly syn ediş çarhy we dünýäniň iň beýik çarhlarynyň biri bolan “Moskwanyň Güni” syn ediş çarhyny açdy. Bu barada interfax.ru habar berýär.

Häzirki güne çenli Ýewropada iň uly syn ediş çarhy beýikligi 135 metr bolan “Londonyň gözüdi” (London Eye). Moskwadaky çarhyň beýikligi 140 metre barabar.
“Moskwanyň Güni” – bu her biri 15 myhmany sygdyrýan 30 sany ýapyk kabina. Kabinalarda wideo gözegçilik ulgamy, operator bilen aragatnaşyk düwmesi we howa gözegçiligi bar, bäş kabina dury pol bilen üpjün edildi.
Moskwa syýahat gonuş wokzalyndan başlaýar. Myhmanlar oňa üsti ýapyk eskalator geçelgesi arkaly baryp bilýärler. Ýolagçylary mündürme we düşürme wokzalyň dürli böleginde bolup geçýär. 18 minut 40 sekunt dowam edýän bir aýlawda syn ediş çarhy 450 töweregi adamy sygdyryp bilýär.
Bu attraksionyň her ýyl 2,5 mln myhmany özüne çekmegine garaşylýar.


şu gün 11:16
96

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......

düýn 20:16
4.2k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

düýn 11:50
8.2k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....

29.05.2026 23:05
5.1k+

99 ýaşly amerikaly zenan kraudsýorfing boýunça rekord goýdy

ABŞ-nyň 99 ýaşly ýaşaýjysy Polin Kena konsert wagtynda kraudsýorfing eden iň ýaşuly adam boldy. «LouderSound» neşiriniň habar bermegine görä, ol resmi ýagdaýda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....