Türkmenistanyň wekiliýeti onlaýn usulda Bütindünýä tokaý kongresine gatnaşdy

  • 04.05.2022 12:47
  • 6.3k+

2-nji maýda Seul şäherinde ministrler derejesindäki XV Bütindünýä tokaý kongresi öz işine başlady. Bu halkara maslahata dünýäniň 144 ýurdundan degişli pudaklaryň ministrleri, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ylmy jemgyýetçiligiň agzalary, Seul şäherinde işleýän daşary ýurtlaryň ilçileri we diplomatlary, şeýle-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar. Türkmenistanyň wekiliýeti bu foruma sanly ulgam arkaly gatnaşýar.

Kongresiň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriň we Koreýa Respublikasynyň oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda “Koreýa Respublikasynyň we Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň arasynda ýokary derejedäki duşuşyk” atly plenar mejlis geçirildi. Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýewiň sanly ulgam arkaly çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ekologiýa diplomatiýasyny öňe sürmek bilen ähli ulgamlarda “ýaşyl” ykdysadyýet ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrmak hem-de daşky gurşawy goramak döwlet syýasatynyň iň möhüm ugurlarynyň biridir diýip belledi.


düýn 15:42
830

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......

düýn 15:09
874

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

düýn 08:12
1.7k+

Türkmenistanyň Ilçisi Moldowa Respublikasynyň DIM-iniň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

28-nji aprelde Kişinýewde iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi T.Ataýew (oturýan ýeri Kiýew şäheri) Moldowanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary S.Mihow we......

düýn 07:36
880

Müsür Arap Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

28-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Hamdy Şaaban Abdelhalim......