Tokioda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryny gurnaýjylar žurnalistlere sylaglama dabarasynda ulanyljak gaýtadan işlenen plastikadan taýýarlanan münberleri görkezdiler diýip, Kyodo agentligi habar berdi. Bu barada stadium.ru belleýär.
Bellenilişi ýaly, münberler üçin material hökmünde gaýtadan işlenen çüýşeler, şeýle-de deňizden toplanan plastik zibiller ulanyldy. Munuň üçin ýurduň ýaşaýjylary tarapyndan ýörite zibilleri ýygnamak nokatlary arkaly berlen 45 tonna töweregi galyndy gerek boldy. Münberleri Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary üçin 2011-nji ýyldaky ýertitremesi wagtynda ýumrulan ýaşaýyş jaýlaryndan galan alýumin ulanyldy. Guramaçylar bu materiallaryň kömegi bilen Oýunlaryň konsepsiýalarynyň biri bolan “durnukly barlyk” ýörelgesini durmuşa geçirdiler we daşky gurşawa aýawly garamagyň möhümdigini bellediler. Münberleriň dizaýny Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň romb görnüşinde ýerine ýetirilen nyşanlaryna esaslanýar, podnosyň reňki – gara gök hem Oýunlaryň stilinde ýerine ýetirilen. Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda jemi 878 sylaglama dabarasy meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, türgenleri münberlere tarap ugradyjy meýletinçiler üçin eşikler hödürlendi. Olar ýaryşlaryň nyşanlary bilen meňzeş reňklerde ýerine ýetirilip, biçimi boýunça adaty ýapon kimonosyna meňzeýärler.