21-nji martdaky dynç güni 23-nji marta geçirildi

  • 20.03.2021 09:17
  • 18k+

Türkmenistanda Milli bahar baýramynda – Halkara Nowruz gününde raýatlar 3 günläp dynç alarlar. Ýekşenbe günündäki dynç güni sişenbe gününe geçirildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde şu ýyl Milli bahar baýramynyň – Halkara Nowruz gününiň ýekşenbe gününe gabat gelýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Kanuna laýyklykda, 21-nji martdaky dynç gününi 23-nji martdaky sişenbe gününe geçirmek baradaky Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmek göz öňünde tutuldy.

Dowamly dynç alyş bilen baglylykda, ýolbaşçylara ähli häkimliklerde, kärhanalarda we guramalarda gije-gündiziň dowamynda nobatçylygyň guralmagyna gözegçilik etmek tabşyryldy. Hukuk goraýjy edaralara hem degişli görkezmeler berildi.

şu gün 00:03
1.6k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
1.1k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
586

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
1.1k+

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......