Türkmenistan halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürýär

  • 05.12.2020 15:04
  • 2.9k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, şu aşakdaky resminamalar tassyklanyldy:

Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy;
Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy;
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy;
Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020 — 2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Strategiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy;
Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýa tassyklanyldy.
Degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary ýokarda görkezilen resminamalarda göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün ederler.

 

şu gün 08:01
700

“Jon Wik” äleminden Kain baradaky spin-off filminiň surata düşürilişi başlandy

“Jon Wik” franşizasynyň spin-offy bolan, ganhor Kain baradaky solo filmiň surata düşürilişi başlandy. Taslamany filmde baş keşbi janlandyrjak we režissýorlyk etjek aktýor Donni Ýen yglan etdi....

düýn 18:28
8.5k+

540 ýyl öň ýazylan söýgi hatynyň syry açyldy

«Daily Mail» neşiriniň habar bermegine görä, emeli aň ýazylan wagtyndan 540 ýyl geçen söýgi hatynyň mazmunyny okamaga kömek etdi....

düýn 15:16
5.3k+

Tiz tagam we süýjülikler baradaky wideolara tomaşa etmeklik açlyk duýgusyny saklamaga kömek edýär

Bristol we Buffalo uniwersitetleriniň barlagçylary süýjülikler hem-de tiz tagamlary şekillendirilýän wideolara tomaşa etmegiň berhiz tutýan adamlara işdäsini saklamaga kömek edip biljekdigi baradaky netijä......

düýn 14:40
1.7k+

Türkiýäniň parlamenti 15 ýaşa çenli çagalaryň sosial torlara girmegini çäklendirdi

23-nji aprelde Türkiýäniň parlamenti 15 ýaşyna ýetmedik çagalara sosial torlarda akkaunt açmagy gadagan edýän kanuny kabul etdi. Indi platformalar ýaşy anyklamagyň ygtybarly ulgamlaryny ornaşdyrmaga we......