14-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Mejlisiň barşynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Watan goragçylarynyň güni mynasybetli açylyp ulanmaga berlen gulluk we ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar barada aýtdy.
Baş prokuror B.Muhamedow ýurdumyzda kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmak maksady bilen, şu ýylyň ýanwar aýynda görlen çäreler barada hasabat berdi.
Içeri işler ministri M.Hydyrow ýurdumyzda kanun bozulmalarynyň we ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew milli kazyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Mejlisiň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow N.Atagaraýewi başga işe geçmegi sebäpli, milli howpsuzlyk ministri wezipesinden boşadyp, bu wezipä D.Meredowy belledi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy I.Ilamanow Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Adalat ministri M.Taganow hasabat döwründe ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny has-da pugtalandyrmak, raýatlaryň hukuklary we borçlary barada wagyz-nesihat işlerini geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümini ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, şeýle hem Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy we bu işleriň mundan beýläk-de dowam ediljekdigini belledi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.