Prezident Serdar Berdimuhamedow ýustisiýanyň geňeşçisi B.Gurbangulyýewi Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary, Baş müdirliginiň müdiri wezipesinden boşatmak hakynda karara gol çekdi. Döwlet Baştutany bu wezipä ýustisiýanyň kiçi geňeşiçisi M.Sapargulyýewi belledi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Täze wezipä bellenilmezden öň, M.Sapargulyýew Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň prokurory wezipesinde işleýärdi.
Serdar Berdimuhamedow degişli resminamalara 2-nji iýulda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda gol çekdi. Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.