28-nji iýunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar uzakmöhletleýin strategiki häsiýete eýe bolup, hemişe özara hormat goýmak we birek-birege goldaw bermek tejribesine esaslanýar.
Häzirki wagtda iri koreý kompaniýalary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda, ilkinji nobatda, nebitgaz toplumynda, himiýa senagatynda netijeli iş alyp barýarlar.
Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş maksatnamalary, senagat pudagyndaky özgertmeleri we işewürlik üçin döredilýän oňaýly şertleri nazara almak bilen, geljekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmäge mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunda “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Daewoo” kompaniýasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy aýratyn bellenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri koreý kompaniýalarynyň Arkadag şäherinde gurulýan Medisina klasterinde hem iş alyp barýandyklaryny belläp, Türkmenistanda täze gurulýan desgalaryň önümçilik taýdan netijeli bolmagyna, ekologiýa kadalarynyň berjaý edilmegine, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýändigini aýtdy hem-de “Daewoo” kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirjekdiklerine ynam bildirdi.
Işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge döredilýän şertler üçin hoşallyk bildirip, Koreýanyň Taekwondo Federasiýasynyň Gahryman Arkadagymyza taekwondonyň iň ýokary ussatlyk derejesini – dokuzynjy dany bermek barada çözgüt kabul edendigini aýtdy we bu baradaky degişli sertifikaty hem-de ýörite taekwondo sport lybasy gowşurdy.