Täze “Narniýanyň hronikalary” filmi üçin aktýorlar saýlanýar

  • 06.02.2025 23:59
  • 2.9k+

“Barbi” (Барби) we “Kiçijik hanymlar” (Маленькие женщины) filmleriniň režissýory Greta Gerwig “Narniýanyň hronikalaryny” (Хроники Нарнии) gaýtadan düşürmäge taýýarlanýar. Internet torunda täze film üçin 10-11 ýaşly oglanyň we gyzyň gözlenýändigi barada maglumat peýda boldy.

Filmi iýun aýyndan 2025-nji ýylyň ahyryna çenli surata düşürmek meýilleşdirilýär. Gerwig ssenariniň hem awtory bolup çykyş eder. Kinoteatrlarda premýera 2026-njy ýylyň 26-njy noýabryna meýilleşdirilýär, şondan soň film Netflix-de elýeterli bolar.
Häzirlikçe K.S.Lýuisiň haýsy kitabynyň ekranlaşdyryljakdygy habar berilmeýär. Prodýuser Emi Paskal öň tomaşaçylara “rok-n-roll” görnüşiniň garaşýandygyny aýdypdy.
Häzirki günde “Narniýanyň” iň üstünlikli ekranlaşdyrylmasy Pewensi çagalary baradaky Disney trilogiýasy (2005-2010) hasaplanýar, ol dünýä prokatynda 1,5 mlrd dollar gazandy.


25.12.2025 14:14
4.9k+

«Gaty geň zatlar» Netflix-iň iň meşhur serialy boldy, ol «Kalmar oýnundan» öňe geçdi

«Gaty geň zatlar» (Очень странные дела) serialy umumy tomaşa sany boýunça Netflix-iň taryhynda iň meşhur taslama boldy. Bäşinji möwsümiň jemleýji bölümleri çykmazdan öň, umumy tomaşa sany 1,2 milliarddan geçdi diýip, Variety habar berýär...

25.12.2025 13:44
4.2k+

Variety neşiriniň tankytçylary 2025-nji ýylyň iň ýaramaz filmleriniň sanawyny düzdi

Variety neşiri 2025-nji ýylyň iň ýaramaz filmleriniň sanawyny hödürledi. Reýting kino tankytçylary Ouen Glaýberman we Piter DeBrýuž tarapyndan düzüldi. Olaryň hersi öz garaýyşlary boýunça iň şowsuz bolan relizleriň «bäşligini» taýýarlady...

25.12.2025 13:08
613

Disney Ridli Skottyň «Köpek ýyldyzlar toplumynyň» premýerasyny tomsuň ahyryna geçirdi

Walt Disney Pictures studiýasy 2026-2027-nji ýyllar üçin relizleriň senenamasyna gaýtadan seredip, birnäçe uly taslamalaryň çykjak senelerini üýtgetdi diýip, The Hollywood Reporter ýazýar. Täze tertip boýunça, Ridli Skottyň «Köpek ýyldyzlar toplumy» (Созвездие Пса) atly ylmy-fantastik filmi ABŞ-da, ozal meýilleşdirilişi ýaly, 27-nji martda däl-de, 28-nji awgustda çykar...

25.12.2025 11:00
2.7k+

«Kesgir gaşlar: Ölmez adam» doly metražly filminiň tizeri çykdy

Netflix «Kesgir gaşlar: Ölmez adam» («Острые козырьки: Бессмертный человек») doly metražly filminiň ilkinji tizerini hödürledi. Ol adybir serialyň dowamy bolar. Platformada filmiň global premýerasy 2026-njy ýylyň 20-nji martyna meýilleşdirilýär, ýöne relizden birnäçe gün öň ABŞ-da çäkli kinoteatr prokaty başlar...