31-nji ýanwarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalarda oturdylmaly şekiller barada hasabat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgähler toplumynda oturdyljak şekilleriň görnüşlerini synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we şekillere degişli düzedişleriň girizilmelidigini tabşyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi hem-de durky täzelenmegi meýilleşdirilýän durmuş we önümçilik maksatly binalaryň taýýarlanan şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa taýýarlanylan taslamalar, durky täzelenýän desgalarda alnyp barylýan işleriň häzirki ýagdaýy barada hasabat berdiler. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän sil suw akabasynyň üstünden geçýän köpriniň we onuň germewleriniň görnüşleri, seýilgähiň şekil taslamasy, Gökdepe şaýolunyň ugrundan üstaşyr geçýän, durky täzelenýän köp zolakly köpriniň şekil taslamalary, bu desganyň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň görnüşleri, awtobus duralgasynyň taslamasy bar.
Gurbanguly Berdimuhamedow şekil taslamalary we desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi.