27-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Başlygy hanym Pia Kaumany kabul etdi. Ol “ÝHHG-niň çäginde Parlament diplomatiýasy: Dialog – abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly” atly maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada geldi diýip, “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Söhbetdeşler häzirki wagtda parlamentara gatnaşyklaryň ýurtlaryň we halklaryň arasynda özara ynamy hem-de düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm gurallarynyň biri bolup çykyş edýändigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň arasyndaky däp bolan gatnaşyklaryň okgunly häsiýete eýedigi bellenildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň sessiýalaryna, onuň howandarlygynda geçirilýän dürli okuw maslahatlaryna işjeň gatnaşýar.
Şunuň bilen birlikde, ykdysady ösüş, energiýa serişdeleriniň dürli ugurlar boýunça durnukly iberilmegini üpjün etmek, ekologiýa abadançylygy hem-de daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly meseleler boýunça hem tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigi nygtaldy.