Делегация Академии коневодства им. Аба Аннаева посетила Университет Эсбери в США

  • 01.06.2024 16:08
  • 11k+

28-nji maýda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna wekilçilik edýän Türkmenistanyň wekiliýeti Esberi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen, ABŞ-nyň Kentukki ştatynyň Wilmor şäherine baryp gördi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-inde habar berdiler.

Wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Meret Orazow, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň prorektory Seýitmyrat Ataýew we atşynas hem-de seýis Aman Bäşimow girdiler.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Esberi uniwersitetiniň Prezidenti Kewin Braun, prorektory Şerri Pauers, atçylyk sporty boýunça maksatnamanyň ýolbaşçysy Garald Reýnuoter, lukman Winsa Satliwa we uniwersietiň beýleki wekilleri bilen gepleşikleri geçirdi.
Gepleşiklerde atçylyk pudagynyň dürli ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda iki edaranyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamany işläp taýýarlamak, okuw meýilnamalaryny alyşmak we tejribelikleri guramak meselelerine aýratyn üns berildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýeti Esberi uniwersitetiniň ýolbaşçylaryny Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy, bu bolsa halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge niýetliligi görkezýär. Duşuşyklardan soň Türkmenistanyň wekiliýeti üçin Esberi uniwersitetiniň atçylyk merkezinde gezelenç guraldy.
29-njy maýda Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Kentukki Atçylyk parkyna we Sedlbred Amerikan muzeýine baryp, eksponatlar, kuboklar, atçylyk esbaplary we sungat eserleri bilen tanyşdylar.


сегодня 00:57
1.3k+

США выделили ООН больше $1 млрд на гуманитарную помощь

Госдепартамент США объявил о выделении более $1 млрд на гуманитарную помощь и ликвидацию последствий стихийных бедствий. Средства распределены между двумя структурами ООН: ЮНИСЕФ получит более $218 млн, а......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google выделит 50 млн долларов на обучение строителей и электриков

Google направит 50 млн долларов через фонд Google.org на программы обучения рабочим специальностям в более чем 20 штатах США. Компания рассчитывает подготовить свыше 300 тысяч специалистов....

19.06.2026 10:10
3.3k+

Ювелир Говхер Нурыева завоевала Кубок международного фестиваля в Бухаре

Туркменский ювелир, член Союза художников Туркменистана Говхер Нурыева заняла третье место на III Международном фестивале золотошвейного и ювелирного дела. Мероприятие прошло в Бухаре (Узбекистан) еще 15-17......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Наследие Махтумкули Фраги обсудили на конференции в Тегеране

16–17 июня в Тегеране состоялся ряд мероприятий, посвящённых жизни и творчеству великого туркменского поэта и мыслителя Махтумкули Фраги. Об этом сообщает пресс-служба МИД Туркменистана....