Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

  • 12.08.2023 23:57
  • 30k+

Şu gün, 12-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş edaralarynyň işi bilen tanyşdy we degişli düzümleriň işiniň netijeliliginiň artdyrylmagyna bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. 

Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasyna geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow, Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew we Arkadag şäher Saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiri  Ý.Işangulyýew şäheriň degişli düzümleriniň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. 
Gurbanguly Berdimuhamedow hassahananyň dikeldiş bölümine bardy. Bu ýerde işleýän lukman häzirki döwürde bu bölümde Balkan welaýatyndan gelen Gülsün Gölliýewanyň operasiýadan soňky bejergini alýandygyny habar berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow bejergi  alýan gyzjagazyň ýanyna baryp, onuň hal-ýagdaýy, saglygy bilen gyzyklandy. Gyzjagazyň ejesi türkmen halkynyň Milli Liderine we Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, gyzynyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna operasiýa edilendigini we operasiýanyň şowly geçip, çagasynyň gün-günden gowulaşýandygyny uly guwanç bilen gürrüň berdi. 
Gurbanguly Berdimuhamedow gyzjagazyň operasiýadan soňky dikeldiş döwrüniň netijeli boljakdygyny belläp, munuň üçin ýurdumyzda, şol sanda Arkadag şäheriniň saglyk merkezlerinde ähli zerur mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy we gyzjagaza özüniň sowgadyny gowşurdy. 
Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri merkezde operasiýa geçirmäge taýýarlyk üçin niýetlenen otagda degişli lukmançylyk hyzmatlaryny alýan Öwezgurt Ýolamanowyň saglyk ýagdaýy bilen gyzyklandy. 
Oglanjygyň ejesi ogluna operasiýa geçirmek üçin haýyr-sahawat gaznasyna ýüz tutandygyny we onuň haýyşynyň kanagatlandyrylyp, oglunyň operasiýa taýýarlanýandygyny gürrüň berdi. Bu ýerde işleýän lukman oglanjygyň häzirki ýagdaýy, operasiýa taýýarlygyň derejesi barada gürrüň berip, onuň kada laýyk dowam edýändigini aýtdy.   
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň, Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň we Arkadag şäher Saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiri  Ý.Işangulyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. 
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň çäginde ýerleşýän Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine bardy. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedowy merkeziň ýolbaşçysy M.Öküzowa garşylady we häzirki döwürde alnyp barylýan işler, merkezde bejergi alýan çagalaryň saglyk ýagdaýlary barada hasabat berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy merkezde bejergi alýan çagalar, olaryň alýan bejergileriniň netijeleri bilen gyzyklandy. Bu ýerde işleýän lukman bejergi alýan çagalaryň daýanç, hereket ediş agzalarynyň işini dikeltmek, olaryň doly derejeli hereketini ýola goýmak ugrunda döredilen mümkinçilikler we bölümde oturdylan enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary barada hasabat berdi. 
Soňra  Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň metjidiniň gurluşygyna badalga berlen ýerine geldi. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna birnäçe şekil taslamalary görkezildi. 
Bu ýerde paýtagtymyzyň Köpetdag şaýoly bilen Arkadag şäheriniň Akhan şaýolunyň çatrygynyň merkezinde oturdyljak özboluşly binanyň şekil taslamasy möhüm orun eýeleýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy taslamany synlap, oňa birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Halkalaýyn aýlaw ýoly bolan çatrygyň çäklerindäki desgalar bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir. Onuň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylmalydyr.
Şeýle hem bu ýerde Arkadag şäheriniň metjidiniň, onuň degişli düzümleriniň binalarynyň, hojalyk desgalarynyň, metjidiň daşky hem-de içki bezegleriniň, Arkadag şäheriniň muzeýiniň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Şekil taslamalaryň hatarynda binalaryň bezeg işlerinde ulanylýan agaçlaryň we mermer daşlarynyň dürli görnüşleri bar. 
Şekil taslamalary bilen tanyşlykdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. 
Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň hojalyk düzümlerinde ulanylmagy meýilleşdirilýän ulaglaryň görnüşlerini synlady. Türkmen halkynyň Milli Lideri şäheriň arassaçylyk we abadançylyk derejesiniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekip, hojalyk düzümlerinde ulanyljak ulaglaryň hut şu talaplara laýyk derejedäki hyzmatlarynyň ýola goýulmalydygyny belledi. Şol bar wagtyň özünde şäheriň çäklerinde elektron görkezijileriň sazlaşykly işi ýola goýulmalydyr.


вчера 13:04
1k+

Президент Туркменистана поздравил Грецию с Днем независимости

Президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов направил поздравление президенту Греции Константиносу Тасуласу по случаю Дня независимости страны. В своем послании глава государства пожелал Константиносу Тасуласу крепкого здоровья, счастья и благополучия, а народу Греции — мира, дальнейшего прогресса и процветания...

24.03.2026 19:40
1.9k+

Глава МИД Туркменистана провел переговоры с делегацией Уганды

24 марта в МИД Туркменистана состоялась встреча министра иностранных дел Рашида Мередова с государственным министром иностранных дел Уганды Генри Ориемом Окелло. Стороны обсудили текущее состояние и перспективы сотрудничества в политико-дипломатической, торгово-экономической и культурно-гуманитарной сферах...

24.03.2026 19:24
1.7k+

Туркменистан обсуждает участие в выставке Green EXPO 2027 в японской Йокогаме

23 марта в здании Ассоциации международной садоводческой выставки «Green EXPO 2027 Yokohama» состоялась встреча посла Туркменистана в Японии Атадурды Байрамова с генеральным секретарём ассоциации Масато Комура...

24.03.2026 11:55
10k+

Главы МИД Туркменистана провёл телефонный разговор с иранским коллегой

23 марта состоялся телефонный разговор министра иностранных дел Туркменистана Рашида Мередова с министром иностранных дел Ирана Аббасом Арагчи. В начале беседы стороны обменялись поздравлениями по случаю праздника Новруз, пожелав народам двух стран благополучия...