BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistan nähili teklipleri öňe sürer?

  • 29.07.2023 09:59
  • 8.6k+

2023-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 78-nji sessiýasy öz işine başlar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow şol mejlisnde Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary barada hasabat berdi. Bu mejlise taýýarlyk görmek maksady bilen, häzirki wagtda Daşary işler ministrliginde degişli işler alnyp barylýar.

Bu resminama ýurdumyzyň oňyn başlangyçlary esasynda işlenip taýýarlanyldy we özüne birnäçe möhüm ugurlary birleşdirýär. Şunda häzirki zaman şertlerinde ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek wajyp ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu ulgamda möhüm başlangyçlaryň ençemesini öňe sürdi. Şol başlangyçlar BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynda berkidildi. Şu ýyl türkmen tarapy Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek bilen bagly başlangyjy öňe sürmegi göz öňünde tutýar. Şunuň bilen birlikde, Merkezi Aziýada hemişelik esasda hereket edýän Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek we onuň ilkinji duşuşygyny 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmek teklip ediler. Ýurdumyzyň ýene bir teklibi BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirligi bilen bilelikde Merkezi Aziýa üçin Terrorçylyga garşy göreşmek maksatnamasyny döretmäge degişlidir.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy, Bütindünýä azyk maksatnamasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlykda azyk howpsuzlygy boýunça iri halkara forumy geçirmek baradaky teklibi beýan ediler. Mundan başga-da, BMG-niň binýadynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň halkara maslahatyny 2024-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanda geçirmek teklip edilip, Aşgabat şäherinde Bitaraplyk we howpsuzlyk institutyny döretmek mümkinçiligini öwrenmäge girişiler.
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek Milletler Bileleşigi bilen özara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we Durmuş meseleleri boýunça departamenti bilen bilelikde degişli işleri geçirer. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda ýurdumyz tarapyndan ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen Kararnamany kabul etmek, şeýle hem ulaglaryň ähli görnüşiniň arasynda arabaglanyşygy berkitmek boýunça Kararnamanyň taslamasynyň üstünde işlemek teklip ediler.
Ýurdumyzyň başlangyjy bilen 26-njy noýabryň “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistan Aşgabat prosesiniň çäklerinde durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Baş Assambleýanyň nobatdaky sessiýasynyň çäklerinde ýokary derejeli maslahaty geçirmek baradaky teklibi öňe sürer.
Ekologiýa ulgamy ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň edaralary bilen bilelikde amala aşyrýan hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugurda Türkmenistan Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmek baradaky teklibini iş ýüzünde amala aşyrmagy dowam etdirer. Ählumumy metan borçnamasynyň çäklerindäki tagallalara goşant hökmünde türkmen tarapy BMG-niň howandarlygynda 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça ählumumy Strategiýany işläp düzmegi teklip eder. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan tarapyndan “Hazar ekologik başlangyjy” hem-de baş edarasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän Merkezi Aziýa ýurtlarynda suw serişdelerinden peýdalanmagyň meseleleri boýunça BMG-niň Geňeşini döretmek baradaky teklip beýan ediler.
Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygy hem-de Wena jarnamasynyň we Hereketler maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistan BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi bilen bilelikde degişli çäreleri geçirmegi meýilleşdirýär. Mundan başga-da, ýurdumyz 2024-nji ýylda raýatsyzlygy ýok etmek boýunça sebitleýin maslahaty guramagy teklip eder.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda beýan ediljek beýleki başlangyçlaryň hatarynda Türkmenistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň dialogynyň esaslandyryjy mejlisini geçirmek, şeýle hem 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna gabatlap, ÝUNESKO we TÜRKSOÝ bilen bilelikde Türki dilleriň halkara hepdeligini geçirmek baradaky teklipler bar. Şunuň bilen birlikde “Bütindünýä türki dilleriniň güni” atly Kararnamany kabul etmek teklip ediler.
Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Baş Assambleýanyň öňümizdäki sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistan BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen taslamalaýyn we maksatnamalaýyn çäreleri giňeltmek ugrunda işlär. Şeýle hem BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň, ÝUNESKO-nyň, Halkara Zähmet Guramasynyň, Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň we Taslamalara hyzmat etmek boýunça müdirliginiň wekilhanalaryny açmak üçin degişli çäreleri görmek meýilleşdirilýär.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ileri tutulýan garaýyşlaryny makullan halatynda, olar BMG-niň Sekretariatyna iberiler, Milletler Bileleşigine agza ýurtlaryň arasynda diplomatik ýollar arkaly ýaýradylar, şeýle hem milli we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan ediler.


сегодня 16:28
1

Президент Туркменистана поздравил Токаева с Днём независимости Казахстана

Президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов направил президенту Казахстана Касым-Жомарту Токаеву и всему казахстанскому народу сердечные поздравления по случаю Дня независимости Республики Казахстан. В своём послании глава Туркменистана отметил значительный путь, пройденный соседней страной за годы суверенного развития...

сегодня 10:31
8.1k+

Президент Туркменистана подписал указ о награждении Гурбангулы Бердымухамедова юбилейной медалью

Президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов 15 декабря подписал указ о награждении председателя Халк Маслахаты Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедова юбилейной медалью Туркменистана «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» («К 30-летию Нейтралитета Туркменистана») и комплектом памятных знаков...

вчера 12:18
3k+

В Туркменистане отметили День работников нефтегазовой промышленности и геологии

14 декабря Туркменистан торжественно отметил День работников нефтегазовой промышленности и геологии. В честь профессионального праздника в главном здании нефтегазового комплекса страны прошла конференция «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda nebitgaz pudagynda ýetilen sepgitler»...

вчера 11:20
1.3k+

Президент Туркменистана поздравил короля Бахрейна с 30-летием дипотношений

Президент Сердар Бердымухамедов от имени народа и правительства Туркменистана, а также от себя лично направил поздравление королю Бахрейна Хамаду бин Иса Аль Халифе по случаю 30-летия установления дипломатических отношений между двумя странами...