Gurbanguly Berdimuhamedow Jidda şäheriniň häkimi bilen duşuşdy

  • 01.07.2023 08:06
  • 10k+

30-njy iýunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow haj däp-dessurlaryny amala aşyryp, mukaddes Mekge şäherinde gurbanlyk sadakasyny berenden soň, Jidda şäheriniň Patyşa Abdulaziz adyndaky Halkara howa menziline geldi.

Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow Jidda şäheriniň häkimi Şazada Saud bin Abdullah bin Jalawi Al Saud bilen duşuşdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow keramatly toprakda mähirli kabul edilendikleri we gurbanlyk sadakasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi, wekiliýetiň agzalarynyň zyýaratlarynyň ýola goýulmagy ugrunda döredilen şertler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Şazada Saud bin Abdullah bin Jalawi Al Saud häzirki döwürde dünýäde sazlaşykly ösýän ýurtlaryň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalaryny kabul etmegiň özleri üçin uly hormatdygyny aýratyn nygtady.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça ýola goýulýan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de iki halkyň abadançylygynyň we ýurtlaryň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň bähbidine üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.


08.06.2026 17:39
1.9k+

Сумма экспортных сделок на бирже Туркменистана превысила $78,6 млн

За минувшую неделю на торгах Государственной товарно-сырьевой биржи Туркменистана было зарегистрировано 49 сделок. Общая стоимость экспортных контрактов превысила 78,656 млн долларов США....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Туркменистан и Турция провели девятое заседание межправкомиссии

В Ашхабаде прошло девятое заседание Межправительственной туркмено-турецкой комиссии по экономическому сотрудничеству. По итогам обсуждений стороны определили дальнейшие шаги по развитию партнёрства и подписали......

05.06.2026 15:39
2.6k+

В Ашхабаде обсудили новые направления туркмено-американского делового партнёрства

В Торгово-промышленной палате Туркменистана в формате круглого стола состоялся туркмено-американский бизнес-форум. Представители двух стран обсудили перспективы расширения экономического сотрудничества и......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Три дня текстиля и моды: в столице открылась TurkmenTextile Expo — 2026

Сегодня в Ашхабаде начал работу один из крупнейших отраслевых форумов года — международная выставка-ярмарка TurkmenTextile Expo — 2026. Корреспондент tmcars оказалась в гуще событий и подготовила репортаж с......