Aşgabatda Türkmen-tatar işewürlik maslahaty geçirildi

  • 16.03.2023 11:40
  • 3.1k+

15-nji martda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmen-tatarystan işewürlik maslahaty geçirildi. Duşuşyga gatnaşmak üçin Tatarystanyň dürli ykdysady ugurlarda ýöriteleşen döwlet edaralarynyň, kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryndan we wekillerinden ybarat düzümdäki wekiliýet Aşgabada geldi.

Türkmen tarapyndan işewürlik maslahatyna birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.
Duşuşygyň gün tertibindäki meseleler iki ýurduň, hususan-da, senagat, energetika, oba hojalygy, ulag ulgamlarynda, söwda-ykdysady, maýa goýum mümkinçiligi babatda Türkmenistanyň hem-de Tatarystan Respublikasynyň pudaklaýyn edaralarynyň we işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagy özünde jemledi.
“KamAZ”, “Tatneft”, “KER-Holding” maşyngurluşyk kärhanalary ýaly öňdebaryjy kompaniýalaryň bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagy netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarynyň hatarynda görkezildi.
Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, senagat we söwda ministri O.Korobçenko çykyşynda saglygy goraýyş ulgamynda tehnikalary öndürmek boýunça dünýäde iri kompaniýalaryň biriniň — “Eýdos-Medisina” kompaniýasynyň ABŞ-da, Ýaponiýada we Tatarystanda işleýändigini belledi.
Şunuň bilen birlikde, forumda bar bolan mümkinçilikleri doly derejede ulanmagyň, şol sanda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny giňeltmegiň möhümdigi nygtaldy. Awtomobil, awiasiýa we gämigurluşyk, energetika, himiýa önümlerini, derman we lukmançylyk serişdelerini ibermek, obasenagat toplumy ýaly ugurlarda hem-de beýleki pudaklarda gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň hem-de Tatarystanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň wekilleriniň, hususy düzümleriniň we işewürleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda geljekki mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy we mundan beýläk-de özara hereket etmegiň meýilnamalary bellenildi. Hususan-da, duşuşyklaryň barşynda Türkmenistanyň “Halk market” supermarketler söwda toplumy bilen “Naturalnoýe zdorowýe” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda şertnama gol çekildi.


сегодня 16:30
342

В Ашхабаде прошло 13-е заседание туркмено-австрийской комиссии

В Торгово-промышленной палате Туркменистана состоялось 13-е заседание Совместной туркмено-австрийской комиссии. В ее работе приняли участие представители государственных структур и деловых кругов двух стран....

сегодня 12:20
568

В Денизли прошёл туркмено-турецкий деловой форум

11 июня в турецком городе Денизли состоялся туркмено-турецкий деловой форум. Об этом сообщает пресс-служба МИД Туркменистана....

11.06.2026 22:20
6.6k+

Туркменистан назначил своего первого посла на Мальдивах

Посол Туркменистана в Индии Шалар Гелдыназаров также назначен главой дипломатического представительства нашей страны в Мальдивской Республике, сообщает TDH....

11.06.2026 13:44
3.4k+

Хлеборобы Дашогузского и Балканского велаятов присоединились к косовице

10 июня земледельцы Дашогузского и Балканского велаятов спустя неделю после остальных регионов страны приступили к уборке урожая пшеницы....