Infantino: Dünýä çempionatynyň iň gowy nusgasyny hödürlänligi üçin Katara minnetdarlyk bildirýäris

  • 17.12.2022 14:26
  • 24k+

Katardaky dünýä çempionaty ähli babatda üstünlikli dowam edýär.
FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino FIFA Geňeşiniň şu günler Katarda geçýän 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň häzirki nusgasynyň üstünlikli dowam edýändigini biragyzdan tassyklady diýip habar berdi. Prezidentiň sözlerine görä, Katar çempionaty ähli babatda öwgä mynasypdyr.

Infantino anna güni Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçirilen metbugat brifinginde şu wagta çenli geçirilen ýaryşda (62 oýun) hiç hili bidüzgünçilik ýa-da hyýanatçylykly hereketiň bolmandygyny aýratyn nygtady. 
FIFA-nyň prezidenti Katar-2022 dünýä çempionatynyň oýunlaryna şu wagta çenli dünýä boýunça 5 milliard adamyň tomaşa edendigini, munuň 7,5 milliard dollar girdeji getirendigini, girdejiniň geçen gezekki çempionatdan 1 milliard dollar artandygyny mälim etdi. 
Infantino «Futboluň, dogrudanam, dünýäni birleşdirendigini», «häzirki çempionatyň  diýseň üstünlikli bolandygyny» aýratyn nygtamak bilen, «dünýä çempionatlarynyň taryhynda iň naýbaşy çempionaty gurnap bilendikleri üçin Katara öz minnetdarlyklaryny» mälim etdi.
Şeýle hem Infantino bu çempionatda Marokkanyň ýygyndy toparynyň ýokary derejedäki çykyşlaryna haýran galandygyny, arap we Afrika ýurtlarynyň taryhynda ýarym finala ýetmegi başaran ilkinji topardygyny nygtady. «Katar çempionatynda afrika futbolunyň ýeten uly derejelerine şaýat bolmak bagty miýesser etdi. Marokkanyň milli ýygyndysynyň adatdan daşary we ajaýyp oýunlary aýratyn nygtalmaga mynasypdyr» diýip, Infantino sözüniň üstüni ýetirdi.


сегодня 14:15
3.4k+

ЧМ-2026: Месси – лучший бомбардир в истории мундиаля, сразу 4 игрока сделали дубль

На чемпионате мира по футболу 2026 года продолжаются матчи второго тура группового этапа. В 12-й игровой день турнира сразу четыре футболиста оформили дубль – Лионель Месси, Килиан Мбаппе, Эрлинг Холанд и......

вчера 15:58
11k+

Кто из третьих мест выйдет в 1/16 финала ЧМ-2026: давайте разбираться

На чемпионате мира 2026 года впервые выступают 48 национальных сборных. В связи с расширенным форматом турнира, в стадию плей-офф (1/16 финала) выйдут 32 команды. Путевки в следующий раунд гарантированно......

вчера 13:42
5.4k+

ЧМ-2026: первые голы Ямаля и Кабо-Верде, Бельгия снова теряет очки

На чемпионате мира по футболу 2026 года продолжаются матчи второго тура группового этапа. Этот раунд уже принес немало результатов, наглядно показывающих, что предстартовые прогнозы экспертов оправдываются......

21.06.2026 15:42
8.3k+

ЧМ-2026: Германия в плей-офф, историческое очко Кюрасао и вылет Туниса

На чемпионате мира по футболу 2026 года продолжаются матчи второго тура группового этапа. Игры, наполненные яркой и бескомпромиссной борьбой, уже определили первых триумфаторов и неудачников....