Halk Maslahatynyň Başlygy Ahalyň täze merkezindäki desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy

  • 16.10.2022 15:22
  • 17k+

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparynyň çäklerinde merkeziň çäginde gurluşygy alnyp barylýan we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary hem-de olaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Bu ýerde merkeziň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän metjidiň gümmezleriniň görnüşleri, köp gatly jaýlarda oturdyljak häzirki zaman liftleriniň aýratynlyklary, şeýle hem Akhan atly bedewiň heýkeli we onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly taslamalar we degişli çyzgylar görkezildi. Olaryň hatarynda täze merkeziň ulag ýollarynda guruljak awtobus duralgalarynyň, täze metjidiň ýanynda bina edilmegi meýilleşdirilýän açyk we ýapyk görnüşli awtomobil duralgalarynyň görnüşleri we lukmançylyk edaralarynyň enjamlarynyň aýratynlyklary baradaky maglumatlar, çyzgylar bar.
Gurbanguly Berdimuhamedow awtobus duralgalarynyň sowadyjylar bilen üpjün edilmeginiň häzirki döwrüň möhüm talabydygyny belläp, duralgalaryň ýanynda gazet-žurnallaryň söwdasyny guraýan dükanlaryň bina edilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň çäginde bina ediljek desgalarda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň, aýratyn-da, Ýaponiýanyň we Koreýa Respublikasynyň liftleriniň oturdylmagy, lukmançylyk edaralarynyň häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleri içgin öwrenilmelidigini belledi.
Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde görkezilýän yşyklandyryş ulgamynyň sütünlerini, ulag hereketini sazlaýjy yşyklandyryjylaryň görnüşlerini synlap, olaryň täzeçil usulda işlemegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.


03.05.2026 12:23
8.2k+

​Глава Халк Маслахаты ознакомился с ходом возведения мечети и музея в Аркадаге

​2 мая председатель Халк Маслахаты Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедов посетил город Аркадаг, где детально ознакомился с ходом возведения мечети и сопутствующих объектов в рамках второй очереди застройки....

02.05.2026 08:13
2.5k+

Туркменистан примет участие в крупных мероприятиях в Казани, Лондоне и Баку

В мае представители Туркменистана примут участие в ряде крупных международных мероприятий. Об этом в пятницу на заседании Правительства по цифровой системе отчитался вице-премьер, министр иностранных дел Рашид......

29.04.2026 15:09
1.4k+

В МИД Туркменистана подвели итоги внешнеполитической деятельности с начала года

28 апреля министр иностранных дел Туркменистана Рашид Мередов провёл брифинг, посвящённый основным событиям международной деятельности страны с начала года. Об этом сообщили в пресс-службе внешнеполитического......

27.04.2026 23:33
11k+

Сердар Бердымухамедов провел рабочее совещание по вопросам развития регионов

​27 апреля президент Сердар Бердымухамедов провел по цифровой системе рабочее совещание с участием вице-премьера Т.Атахаллыева и хякимов велаятов. В центре внимания находились вопросы реализации сезонных......