7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň merkezinde täze guruljak metjidiň ýerleşjek ýerinde toý sadakasyny berdi. Täze merkezde metjidiň guruljak ýeriniň kesgitlenmeginiň hormatyna berlen toý sadakasy hormatly Arkadagymyzyň täze ýazan kitaplary üçin düşen galam hakynyň serişdeleriniň hasabyna geçirildi.
Şeýle hem şu gün bu ýerde guralan toý sadakasyna gatnaşanlar agzybirlikde jemagat bolup, Gökdepe metjidinde juma namazyny okadylar.