Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХIII maslahaty geçirildi

  • 15.09.2022 18:42
  • 5.4k+

Şu gün, 15-nji sentýabrda Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХIII maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilýän ählihalk baýramçylygy mynasybetli guralýan foruma dünýäniň dürli döwletlerinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, birleşigiň daşary ýurtly agzalary, şeýle hem Watanymyzyň dürli künjeklerinden birleşigiň wekilleri gatnaşdylar.
1991-nji ýylyň maý aýynda döredilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işi Garaşsyz Watanymyzyň täze taryhy bilen berk baglanyşyklydyr. 
Paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde geçirilen maslahata Milli Geňeşiň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri, paýtagtypyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, şeýle hem ýurdumyzyň dürli künjeklerinden bu birleşigiň agzalary, hormatly ýaşulular, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Köşgüň eýwanynda şanly waka mynasybetli giň möçberli sergi ýaýbaňlandyryldy.
Maslahatyň gün tertibi tassyklanyldy. Onda ýerine ýetirilen işler barada hasabatlar we döwlet ösüşiniň täze tapgyrynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işiniň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak öz beýanyny tapdy.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow söz sözledi.


вчера 16:07
2.1k+

Три дня текстиля и моды: в столице открылась TurkmenTextile Expo — 2026

Сегодня в Ашхабаде начал работу один из крупнейших отраслевых форумов года — международная выставка-ярмарка TurkmenTextile Expo — 2026. Корреспондент tmcars оказалась в гуще событий и подготовила репортаж с......

22.05.2026 14:38
2.6k+

Daewoo E&C стала золотым спонсором форума «Белый город Ашхабад – 2026»

Южнокорейская компания Daewoo Engineering & Construction присоединилась к XXV Международной выставке и конференции «Белый город Ашхабад – 2026» в статусе золотого спонсора....

14.05.2026 19:01
1.9k+

В Ашхабаде обсудили стратегию развития цифровой торговли и электронной коммерции

11 и 12 мая в Ашхабаде прошли два семинара Международного торгового центра (МТЦ), посвященные регулированию цифровой торговли и электронной коммерции....

12.05.2026 20:15
2.1k+

В Ашхабаде проходит выставка Agro Pack Turkmenistan – 2026

В Ашхабаде начала работу международная выставка сельскохозяйственной продукции и пищевой промышленности Agro Pack Turkmenistan – 2026. В мероприятии участвуют около 130 местных и зарубежных компаний и......