Aşgabatda Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi

  • 14.09.2022 01:04
  • 3.6k+

13-nji sentýabrda Türkmenistanyň käbir ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Ermenistanyň Aşgabada gelen wekiliýetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça  hökümetara türkmen-ermeni toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi.

Söwda-senagat edarasynda geçirilen mejlise gatnaşyjylar ozal geçirilen mejlisleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyny, şeýle hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda  hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Söwda-ykdysady we ýangyç-energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine aýratyn üns çekildi.
Şeýle hem oba hojalygy, gurluşyk we binagärlik, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we kinematografiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň möhümdigi nygtaldy.
Ynsanperwerlik ulgamy türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň üýtgewsiz ugry bolup durýandygy tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça has ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň möhümdigi nygtaldy.
Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.


08.06.2026 17:39
2k+

Сумма экспортных сделок на бирже Туркменистана превысила $78,6 млн

За минувшую неделю на торгах Государственной товарно-сырьевой биржи Туркменистана было зарегистрировано 49 сделок. Общая стоимость экспортных контрактов превысила 78,656 млн долларов США....

08.06.2026 15:17
3.8k+

Партия Никола Пашиняна победила на парламентских выборах в Армении

Правящая в Армении партия «Гражданский договор» действующего премьер-министра страны Никола Пашиняна набирает на парламентских выборах 49,81% голосов. Такие данные приводит Центральная избирательная комиссия......

05.06.2026 17:31
1.8k+

Туркменистан и Турция провели девятое заседание межправкомиссии

В Ашхабаде прошло девятое заседание Межправительственной туркмено-турецкой комиссии по экономическому сотрудничеству. По итогам обсуждений стороны определили дальнейшие шаги по развитию партнёрства и подписали......

05.06.2026 15:39
2.6k+

В Ашхабаде обсудили новые направления туркмено-американского делового партнёрства

В Торгово-промышленной палате Туркменистана в формате круглого стола состоялся туркмено-американский бизнес-форум. Представители двух стран обсудили перспективы расширения экономического сотрудничества и......