MÜBÄREK REMEZAN AÝY – BEREKET AÝY

  • 02.04.2022 05:45
  • 23k+

Mübärek Remezan aýy tutuş ýer ýüzi üçin rahmet-merhemet aýy hasap edilýär. Daň atandan Gün batýança iýip-içmekden, şeýle hem makullanylmaýan hereketleri etmekden saklanmak, aýyň bereketiniň öý-ojaklarymyza, maşgalamyza ýokmagy üçin dileg-ybadatlara has köp meşgul bolmak bu aýyň aýratynlyklarynyň biridir. Munuň üçin daň atýan hem-de Günüň ýaşýan wagtlaryna  pugta üns bermek ündelýär. Daň atmazyndan has ir agyz beklemek ýa-da Gün batanyndan soňra has giç agyz açmak makullanylmaýar. Her talaby wagtyna laýyk berjaý etmek we muny endigimize öwürmek wajypdyr. Şeýle düzgün-tertip biziň ruhy hem-de beden taýdan sagdyn bolmagymyzy üpjün edýär.

Dünýä ýüzündäki musulmanlaryň ählisi mübärek Remezan aýynyň gelerine sabyr-söýgi bilen garaşýarlar. Bu aýda has köp ýagşylyk etmäge çalyşmaly, çünki aýyň sogaby beýleki aýlaryňkydan has köp bolýar. Ýagşy hereketlerimizi köpeltmeli. Birek-birege mähirli, hoşgylaw bolmaly. Ýardama mätäç bolsa, ýagdaýymyz boldugyndan haýal etmän kömek etmeli. Ata-enelerimiz, dogan-jigilerimiz, ýakyn garyndaşlarymyz, dost-ýarlarymyz bilen habarlaşyp, hal-ahwal soraşyp durmaly. Bu aýda hassalaryň ýagdaýyny soramagyň, olara goldaw-hemaýat etmegiň, ýagşy günlere, ýagty geljege umytlandyrmagyň hem has uly sogaba eýe edýändigi nygtalýar.
Hijri ýyly hasabynyň milady hasabyndan 10-11 gün gysgadygy üçin, Remezan aýy her ýyl 10-11 gün öňe süýşýär. Şonuň üçin onuň takyk wagtyny kesgitlemeli bolýar. Şoňa laýyklykda,  2022-nji ýylyň 2-nji apreli Remezan aýynyň 1-i güni bolýar we laýyk 30 gün dowam edýär. Maý aýynyň 2-i Baýram aýynyň 1-i, ýagny Agzaçar baýramydyr.
Oraza günleriniň dowamlylygy hem ýerlere görä biri-birinden tapawut edýär. Mysal üçin, Aşgabat şäherinde Orazanyň 1-nji gününiň uzynlygy 14 sagat 54 minuda deň (04:59//19:43). Orazanyň 30-njy gününiň uzynlygy bolsa 15 sagat 50 minuda deňdir(04:20//20:10). Ýeri gelende ýatlasak, biz oraza babatda uzyn günli ýurtlaryň hatarynda durýarys.

2022-nji ýylda oraza wagtlarynyň dürli ýurtlardaky uzynlygy şeýle berilýär:

  • Malaýziýa – 12 sagat töweregi
  • Singapur – 13 sagat 30 minut töweregi
  • Senegal – 14 sagat töweregi
  • Türkiýe – 14 sagat 30 minut töweregi
  • Hindistan – 15 sagat töweregi
  • Pakistan – 16 sagat töweregi
  • Eýran – 16 sagat töweregi
  • Owganystan – 17 sagat töweregi

Oraza wagty gysga bolan döwletler:

  • Täze Zelandiýa – 11 sagat 20 minut
  • Çili – 11 sagat 30 minut
  • Awstraliýa – 11 sagat 47 minut
  • Urugwaý – 11 sagat 48 minut
  • Günorta Afrika – 11 sagat 52 minut
  • Argentina – 11-12 sagat töweregi
  • Paragwaý – 11-12 sagat töweregi.

2022-nji ýylda musulmanlaryň ýaşaýan ýerlerinde agyz beklemek üçin iň uzyn wagtly ýurtlar:

Islandiýa – 19 sagat 59 minut
Grenlandiýa – 19 sagat 57 minut
Finlýandiýa – 19 sagat 9 minut
Şwesiýa – 18 sagat 58 minut

2022-nji ýylda agyz beklemeli wagtlaryň käbir ýurtlar babatdaky tertibi (uzalyp gidişine görä ortaça wagty):
Täze Zelandiýa – 11 sagat 30 minut
Günorta  Afrika – 11 sagat 30 minut
Awstraliýa  - 11 sagat 59 minut
Argentina – 12 sagat
Taýland – 14 sagat
Gonkong – 15 sagat
Ýaponiýa – 16 sagat
Kanada – 16 sagat
Hytaý – 16 sagat 30 minut
Amerika – 16 sagat 30 minut. Geografik ýerleşşine görä az-kem tapawut edip biler.
Britaniýa – 17 sagat
Norwegiýa – 17 sagat
Daniýa – 18 sagat
Şotlandiýa – 18 sagat
Şweýsariýa – 18 sagat
Polşa – 18 sagat 30 minut
Norwegiýa – 20 sagat
Finlýandiýa – 20 sagat
Grenlandiýa – 20 sagat
Russiýa Federasiýasy – 20 sagat.

Remezan aýynyň dowamynda tmcars.info saýtymyz ruhy-maşgala gymmatlyklarymyza, edep-terbiýelerimize dahylly makaladyr habarlary yzygiderli ýetirip durmagy maksat edinýär.
Hemişe ýanymyzda boluň!
Gündelik durmuşyňyza ähmiýetli boljak maglumatlary size ýetirip durmagy borjumyz hem-de buýsanjymyz hasaplaýarys!


сегодня 09:34
3.7k+

В Ашхабаде состоялся садака-агзачар с участием президента и главы Халк Маслахаты

14 марта, накануне священной Ночи предопределения (Gadyr gijesi), в столичном мемориальном комплексе «Halk hakydasy» председатель Халк Маслахаты Гурбангулы Бердымухамедов и президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов дали садака-агзачар...

вчера 15:39
11k+

Ночь предопределения в Рамадане: когда она наступает и почему считается особенной

Ночь предопределения — Gadyr gijesi (Лейлят аль-Кадр) считается одной из самых значимых ночей месяца Рамадан. В 2026 году, по календарным расчётам, она приходится на ночь с 15 на 16 марта. По мнению многих исламских богословов, её духовное значение выходит за рамки одного месяца и занимает особое место во всём году...

вчера 00:10
13k+

Туркменистан направит Ирану гуманитарную помощь

Президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов подписал распоряжение об отправке гуманитарного груза в соседний Иран. Об этом сообщили в информационной программе Watan. Гуманитарный груз в Исламскую Республику будет отправлен от имени Благотворительного фонда по оказанию помощи нуждающимся в опеке детям имени Гурбангулы Бердымухамедова...

16.02.2026 10:09
6.2k+

Центр Лондона в 4-й раз украсили праздничной иллюминацией по случаю Рамадана

Знаменитую улицу Ковентри в центре Лондона в четвертый раз украсили специальной иллюминацией по случаю священного для мусульман месяца Рамадан. Подсветка вновь появилась на участке от Пикадилли-Сёркус до Лестер-сквер...