Граждане смогут высказать свои мнения о проекте «Ашхабад-сити» на специальном портале

  • 20.01.2022 16:33
  • 30k+

Ýurdumyzyň raýatlarynyň bu özboluşly ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy bilen bagly garaýyşlaryny beýan etmekleri üçin, «Aşgabat-siti» portaly döredildi we işe girizildi. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň demirgazyk künjegine iş saparynyň çäginde belledi. Bu ýerde döwlet Baştutany «akylly» öýüň enjamlaryny dolandyrmak, dolandyrylyşyň awtomatlaşdyrylan ulgamy, suw, gaz we beýleki ulgamlary aralykdan dolandyrmak, “akylly” şäheriň dürli ulgamlary, şol sanda elektro awtoulag düzümi barada maglumat berýän şekiller bilen tanyşdy.

Paýtagtymyzdaky täze şähere öwrüljek «Aşgabat-sitiniň» Baş meýilnamasynyň şekil taslamasyna laýyklykda, 200-den gowrak binany öz içine alýan bu ägirt uly toplumda 12-den 35 gata çenli belent binalaryň gurulmagynyň göz öňünde tutulýandygyny belledi. Döwlet Baştutany täze şäher üçin saýlanyp alnan ýerde jikme-jik inženerçilik-gözleg işlerini geçirmek, durnuksyz topraklary berkitmek üçin zerur çäreleriň görülmelidigine ünsi çekdi. 
Gurbanguly Berdimuhamedow ýerine ýetirilýän işlerde iň soňky «smart», ýagny «akylly» tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hem-de her binadyr desgany sanly ulgamyň enjamlary bilen üpjün etmegiň, sanlylaşdyrmagyň ýokary tehnologiýaly ulgamyny ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady.
Ýatlatsak, täze guruljak ýaşaýyş toplumynda alnyp baryljak işlere gözegçilik etmek üçin Gurluşyk we binagärlik ministrliginde Gurulýan desgalaryň direksiýasy döredildi.


06.06.2026 20:16
3k+

Вопросы климата и устойчивого развития обсудили на международном форуме в Ашхабаде

В Ашхабаде состоялась Международная научно-практическая конференция «Экологическое благополучие и международное сотрудничество в году «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых......

06.06.2026 16:07
6.8k+

В Ашхабаде состоялся показ азербайджанского фильма «Тагиев. Нефть»

В Ашхабаде в рамках Дней культуры Азербайджана состоялась премьера художественного фильма «Тагиев. Нефть». Показ прошел в кинотеатре «Ашхабад» и стал заметным событием культурного обмена между двумя странами....

06.06.2026 14:40
2.6k+

В Ашхабаде состоялись концерт и выставка в рамках Дней культуры Азербайджана

Во Дворце мукамов Государственного культурного центра Туркменистана состоялась церемония открытия Дней культуры Азербайджана....

02.06.2026 17:31
1.3k+

В Ашхабаде прозвучат симфонические хиты из мультфильмов Disney и Pixar

20 июня во Дворце Мукамов в Ашхабаде состоится концерт «Disney&Pixar» Государственного симфонического оркестра Туркменистана под управлением заслуженного артиста страны Расула Клычева....