Türkmenistan X Halkara Gaz kongresine taýýarlyk görýär

  • 02.05.2019 09:17
  • 1.2k+

21-22-nji maýda Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Türkmenistanyň X Halkara Gaz kongresiniň işiniň başlanmagyna az wagt galdy. Çärä gurnaýjylar bolan «Türkmengaz» döwlet konserni «Turkmen Forum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda häzirki wagtda ýubileý pudaklaýyn foruma taýýarlyk işlerini dowam edýärler.
Guramaçylaryň saýtynda bellenilişi ýaly, her ýylda geçirilýän gaz kongresi Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we giňeltmäge ýardam edýän abraýly işewürler-forumydyr. Kongresiň çäklerinde Türkmenistanyň gaz bazaryna we täze gaz-himiýa taslamalaryna syn berler, dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary prezentasiýalar bilen çykyş ederler, toplanan tejribeleri bilen paýlaşarlar. Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyna aýratyn üns berler. Forumyň çäklerinde köp sanly şertnamalara we ähtnamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.
Kongresiň işine öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň, iri halkara guramalarynyň we maliýe institutlarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Olaryň hatarynda: Hyundai Engineering, Kawasaki, Shell, Petronas, Gaffney, Cline and Associates, NAPECO, Vitol, CNPC, Dragon Oil, ENI, Buried Hill, World Bank, IFC, ADB, ILF, EBRD, Allen & Overy we beýlekiler bar.

сегодня 12:32
3.3k+

ГК «Türkmennebit» заключит соглашение с Petronas по освоению блоков на Каспии

Президент Туркменистана подписал постановление, разрешающее государственному концерну «Türkmennebit» заключить соглашение по освоению лицензионных блоков в туркменском секторе Каспийского моря. Об этом......

сегодня 10:46
1.3k+

Создано первое в мире устройство для непрерывного бурения наклонных скважин

Специалисты Пермского национального исследовательского политехнического университета (ПНИПУ) разработали первую в мире стабилизирующую платформу, которая позволяет непрерывно получать данные с гироскопов в......

13.06.2026 15:16
6.7k+

Для нефтегазовой отрасли Туркменистана закупят трубы у китайских компании

Президент Туркменистана подписал постановления, разрешающие государственным концернам «Türkmengaz» и «Türkmennebit» заключить контракты с китайскими компаниями для закупки труб, необходимых для реализации......

12.06.2026 21:08
11k+

США впервые обогнали Саудовскую Аравию и Россию по экспорту нефти

Соединенные Штаты Америки впервые в истории вышли на первое место в мире по объемам экспорта нефти, опередив многолетних лидеров — Саудовскую Аравию и Россию. По данным Reuters, этот сдвиг серьезно меняет......